Argentinaly ýyldyz oýunçy üçin möwsüm ir tamamlandy

61

Türkiýäniň “Galatasaraý” toparynyň argentinaly ýyldyz hüjümçisi Mauro Ikardiniň möwsümiň galanynda oýnap bilmejekdigi habar berildi. UEFA Ýewropa Ligasynyň çäginde “Galatasaraýyň” Stambulda “Tottenham” bilen geçiren we 3-2 hasabynda ýeňiş gazanan duşuşygynyň 80-nji minutynda ýyldyz oýunçy şikes alyp, meýdançany nasilka bilen terk etmeli bolupdy. Geçirilen lukman barlaglaryň netijesinde Ikardiniň dyzyndan şikes alyp, çapraz bagynyň üzülendigi, meniskýusana-da zeper ýetendigi ýüze çykdy. 31 ýaşyndaky oýunçynyň azyndan 6 aý toparyna kömeginiň degmejekdigi habar berildi. Gysga wagtda operasiýa ediljek Ikardi üçin möwsümiň tamamlanandygy mälim edildi. Ol bu barada: – Birnäçe aýlap meýdança çykyp bilmerin. Gowulaşanymdan soň taýýar ýagdaýda dolanaryn. Topardaşlaryma, klubuma möwsümiň galanynda uly şowlulyk arzuw edýärin. Şu döwürde maňa goldaw beren, berjek hemmelere köp sagbolsun aýdýaryn – diýdi.