Rus we amerikan ýazyjysy, şahyry hem-de terjimeçisi Wladimir Nabokow (1899-1977) edebiýat boýunça Nobel baýragyna 11 gezek hödürlenipdir, emma ol bu baýraga mynasyp görülmändir. Şwesiýanyň akademiýasy 50 ýyllap gizlin saklanan arhiw resminamalaryny köpçülige ýetirdi. Bu maglumatlara görä, Nabokowyň iň soňky, ýagny 11-nji gezek hödürlenmegi 1975-nji ýylda bolup geçipdir.
50 ýyl mundan ozalky dalaşgärleriň sanawlary, Nabokowyň dalaşgärliginiň ABŞ-nyň, Germaniýanyň we Niderlandlaryň uniwersitetlerinden bolan alty edebiýatçy tarapyndan hödürlenendigine şaýatlyk edýär.
Kaliforniýa uniwersitetiniň professory Robert Elter öz hödürnama hatynda şeýle ýazypdyr: “Ýigrimi töweregi romanyň, birnäçe goşgy we hekaýa ýygyndylarynyň awtory bolan Nabokow, ýarym asyrdan gowrak wagtyň dowamynda häzirki zaman ýazyjylarynyň arasynda iň ajaýyp eserler toplumyny döretdi. Bu topluma dört sany ajaýyp eser girýär: “Peşgeş” (Дар), “Jezalandyrylyşa çagyrylyş” (Приглашение на казнь), “Lolita” we “Solgun ataş” (Бледный огонь). Men onuň çäkli manydaky emigrant-ýazyjy däldigini aýratyn nygtasym gelýär; ol syýasy kesgitlemelerden ýokarda duran, hyýalyýetiň we sungatyň içerki gymmatlyklarynyň tarapdary bolup çykyş edýän ýazyjydyr. Şeýle-de, men onuň döredijiliginiň çäkli estetikadan has giň çäkleri öz içine alýandygyny sözümiň üstüne goşýaryn: onuň prozasynyň düýbünde çuňňur ahlak akymy bar. Ol ynsanyň barha doňýürekleşýän dünýäde ynsan bolup galmak ugrundaky göreşini gaýta-gaýta beýan etdi.”
Şeýle-de bolsa, Nobel komiteti, aslynda, ýazyjynyň dalaşgärligine seretmändir. Şwed akademiýasynyň agzalary ozal beren kararlarynda üýtgewsiz galypdyrlar. 1973-nji ýylyň arhiw resminamalarynda: “Wladimir Nabokow: teklip birnäçe gezek ret edildi” diýlip bellenilipdir. Nabokowyň dalaşgärligi Nobel baýragyna 1963, 1964, 1965, 1966, 1968, 1969, 1970, 1971, 1973 we 1974-nji ýyllarda hem hödürlenipdi.