Ady, şöhraty dünýä dolan ilimiz parahat Watanyna, asuda durmuşyna, il-ýurduny baky bagta ýetiren Gahryman Arkadagyna, Arkadagly Gahryman Serdaryna guwanýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly şygary bilen dabaralanýan bu ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk, hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllyk toýuny toýlamak, şanly baýramlary täze zähmet üstünliklerine beslemek üçin her bir raýat öz ornunda joşgunly zähmet çekýär. Agzybirlikli çekilýän zähmet bolsa ösüp-özgerýän eziz Diýarymyzyň at-abraýyny has-da belende galdyrýar.
Şu taryhy döwürde ýurdumyzyň şäherdir obalaryny özgertmek ýolunda hem uly işler alnyp barylýar. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 12-nji martynda Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Aşgabat şäheriniň 65 gektar ýeri Arkadag şäheriniň dolandyryş çägine geçirildi. «Akylly» şäheriň dolandyryş çäginiň artdyrylmagy onuň ösüşinden, özgertmelerinden habar berýär.
Sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheri Gahryman Arkadagymyzyň öwüt-ündewleri, parasatly tabşyryklary bilen «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda şäher gurşawyny has-da artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda badalga berlen täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalar ajaýyp binagärlik keşbine eýe bolýar. Ulanylýan iň täze tehnologiýalar döwrebap binagärligiň nusgasy bolmak bilen bitewi ulgamy döredýär.
Arkadag şäheriniň Köpetdagyň eteginde ekologiýa taýdan iň arassa künjekde ýerleşmegi saglyk üçin amatly, arassa howaly ýaşaýyş gurşawyny döredýär. Munuň özi şäheriň döwrebaplygyny, ösen tehnologiýalary, ýaşaýyş üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri özünde jemleýändigini görkezýär. Hut şonuň üçin hem «akylly» şäher günsaýyn giňemek we kämilleşmek bilen onuň bag-bakjaly, güller ekilen giň şaýollary barha uzaýar.
Myhman ŞAKIRJANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň Raýat goranyşy fakultetiniň talyby.