21-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler we gurulýan hem-de döwrebaplaşdyrylýan desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Ir bilen Gahryman Arkadagymyz türkmen topragynyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän döwrebap şäherdäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen we durky düýpli döwrebaplaşdyrylýan mekdebiň çäginde alnyp barylýan işler bilen tanyşmak üçin bu ýere geldi. Döwrebaplaşdyryş işleri batly depginde dowam edýän mekdebiň ýanynda Milli Liderimiz mähirli garşylandy. Bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti O.Atabaýewa mekdebi döwrebaplaşdyrmak işleriniň gaznanyň hemaýat bermeginde alnyp barylýandygy barada maglumat berdi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy daşary ýurt dillerini öwredýän ýöriteleşdirilen mekdebiň ýokary derejede enjamlaşdyrylmagy, lingafon otaglarynyň, beýleki okuw otaglarynyň ýokary halkara görkezijilere laýyk gelmegi bilen baglanyşykly meselelere aýratyn ähmiýet berilmelidigini belledi. Şunda dünýäniň ösen tejribesiniň, häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň talabalaýyk özleşdirilmegi möhüm wezipe bolup durýar. “Şeýle hem bu ýerde ýaşlaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek üçin dürli gurnaklaryň işi ýola goýulmalydyr. Bu bolsa mekdepde bilim alýan çagalaryň daşary ýurt dillerini çuňňur özleşdirmekleri bilen bir hatarda, islän hünäriniň eýesi bolmagynda-da ähmiýetlidir” diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady we bu babatda degişli ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi.
“Mekdebiň ýanynda 320 orunlyk çagalar bagynyň bolmagy onda terbiýelenýän çagalaryň döwrebaplaşdyrylan mekdepde bilim-terbiýe alyp, ýokary hünärli ýaşlar bolup ýetişmeklerini üpjün edýän topluma öwrüler. Bu bolsa ýurdumyzyň ýaşlarynyň sagdyn bedenli we hemmetaraplaýyn bilimli bolmagyna giň ýol açar” diýip, Milli Liderimiz aýtdy hem-de bu ýerde ene-atalar üçin zerur mümkinçilikleri özünde jemleýän otagyň döredilmelidigine ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz “akylly” şäheriň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan gurluşyk işlerine, döwrebap binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň ozal beren maslahatlaryndan ugur alnyp, şäheriň çäklerinde gurulýan we gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň taýýarlanylan şekil taslamalary barada giňişleýin maglumat berdiler. Hususan-da, Arkadag şäheriniň önümçilik, medeni-durmuş maksatly desgalarynyň, şäheriň Arkadag merkeziniň binasynyň içki bezeginde ulanylýan serişdeler, desgalaryň iş otaglarynyň enjamlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly şekil taslamalary, binalaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary görkezildi. Täze şäheriň Gün elektrik bekediniň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada maglumat berildi.
Hormatly Arkadagymyz görkezilen taslamalar bilen içgin tanşyp, olara birnäçe belliklerini aýtdy we degişli düzedişleri girizdi. “Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalaryň her biriniň özboluşly bezeg aýratynlyklary bolmalydyr. Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň bekedinde häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalarynyň ulanylmagyna zerur üns berilmelidir. Arkadag merkeziniň otaglarynyň, mejlisler, duşuşyklar zallarynyň enjamlaşdyrylyşyna ösen tejribelere laýyklykda çemeleşilmelidir. Şunda döwrebaplyk, amatlylyk reňkleriň sazlaşygy bilen utgaşmalydyr” diýip, Milli Liderimiz belledi we bu babatda öz maslahatlaryny berdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazowyň we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda şäheri ösdürmegiň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler, dürli maksatly binalaryň gurluşyklarynyň depginlerini ýokarlandyrmak, olara sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
D.Orazow häzirki döwürde Arkadag şäheriniň çäklerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, aýratyn-da, lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlarynyň gurluşyk işleriniň depgini, Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygynyň barşy barada maglumat berdi.
Gahryman Arkadagymyz häzirki döwürde şäheriň gurluşyklarynyň depgininiň haýaldygyny we ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesine laýyk gelmeýändigini belläp, bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna nägilelik bildirdi hem-de kemçilikleriň gysga wagtda düzedilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyna ünsi çekdi. “Aýratyn-da, şäheriň esasy şaýoly bolan Ahalteke atlary şaýolunyň gurluşygynyň depgini güýçlendirilmelidir we bu ýol tiz wagtda açylyp ulanmaga berilmelidir” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady hem-de ähli meýilleşdirilen işleriň depgininiň we hil derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanylmalydygy babatda degişli maslahatlaryny berdi.
Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde bu ýerde Türkmen bedewiniň milli baýramyny ýokary derejede bellemek ugrunda alnyp barylýan işler, şanly sene mynasybetli şäher ilatyny täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmäge görülýän taýýarlyk barada maglumat berdi. Şeýle hem Türkmen bedewiniň milli baýramynyň bellenilýän günlerinde Arkadag şäheriniň ýörite sergisiniň guralmagy meýilleşdirildi.
Milli Liderimiz Türkmen bedewiniň milli baýramynyň ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda uly dabaralara beslenmelidigini, baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şanly sene mynasybetli bagtyýar maşgalalara täze jaýlaryň açarlarynyň gowşurylmagy goşa baýrama öwrüler. Ahalteke bedewleriniň asyl mekanynda türkmen atşynaslygynyň milli ýörelgelerini giňden wasp edýän telegepleşikleriň taýýarlanylmagy, oňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň işjeň gatnaşmagy ugrunda zerur tagallalar edilmelidir.
Milli Liderimiz öz çägini barha giňeldýän täze şäherde geljekde oba hojalyk uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşygynyň meýilleşdirilýändigini we bu ugra degişli meseleleriň içgin öwrenilýändigini belläp, bu işleriň Arkadag şäheriniň medeni-durmuş derejesiniň has-da ýokarlanmagynda ähmiýetli boljakdygyna ünsi çekdi.
PDF









