Golaýda Aşgabat — Gökdepe aralygyndaky Gökdepe şaýolunyň durky täzelenen degişli ýol böleginiň ulanmaga berilmegi ýolagçylar üçin amatly gatnawy döretdi. Ýollaryň durkuny täzeläp, raýatlara has oňaýly şertleri döretmek maksady bilen, 2025-nji ýylyň 15-nji oktýabryndan Arkadag şäheriniň demirgazygynda, Akhan şaýoluna birigýän Garry Kulyýew köçesiniň degişli böleginde gurluşyk-gurnama işleriniň geçirilýändigi sebäpli, ulaglaryň hereketiniň wagtlaýyn çäklendirilýändigini habar berýäris. Raýatlara we sürüjilere öňünden hereket ugruny meýilleşdirmeklerini hem-de ýol belgileriniň görkezmelerine berk eýermeklerini maslahat berýäris.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti.
Arkadag şäheriniň häkimligi.