Polýar tilkisine ak tilki, gar tilkisi ýa-da arktika tilkisi hem diýilýär. Ak tilkileriň bedeniniň uzynlygy 46-68 santimetre, agramy 7 kilograma ýetýär.
Kaninler (it, möjek, şagal, tilki) maşgalasynyň iň kiçi görnüşi hasaplanýan ak tilkileriň ys alyş ukyby örän ýokary bolýar. Bu jandarlar 10-40 kilometr uzaklykdan ys saýgaryp bilýärler.
Sagatda 50 kilometr tizlik bilen ylgap bilýän arktika tilkisi ýüzmäge hem ökde hasaplanýar. Bu jandarlar köplenç balyk tutmak üçin suwa girýärler.
Ak tilkileriniň esasy iýmiti towşan we balyk bolup, gemrijiler, guşlar we käbir miwedir ir-iýmişler bilen hem iýmitlenýärler.
Arktika tilkileri Grenlandiýada, Islandiýada, Russiýada, Şwesiýada, Finlýandiýada, Norwegiýada we Alýaskanyň demirgazyk sebitlerinde ýaşaýarlar.
Garda ýaşaýan kiçijik tilkileriň galyň sütügi, gysga aýagy we kiçijik gulagy bedenini ýyly saklaýar. Bu jandarlar 50 dereje sowukda ýaşap bilýärler.
Arktika tilkileriniň tüýi gyşyna has çalt ösýär. Bu olara ap-ak meýdanda öz awlaryny aňsatlyk bilen tutmagyna hem-de dürli howplardan goranmagyna mümkinçilik berýär. Ýaz paslynyň gelmegi bilen polýar tilkileriniň ak «possuny» täzelenip, goňur reňke öwrülýär.
Arktika tilkileriniň penjesiniň aşagynda galyň sütügi bolýar. Bu olaryň garda we buzda aňsatlyk bilen ýöremegine kömek edýär.