Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron ýetginjekleri sanly garaşlylykdan halas etmek maksady bilen, aýda bir gezek “internetden daşlaşmak gününi” guramaga we sosial ulgamlaryň ýerine kitaba meýil etmäge çagyrdy. Halkara fransuz dili merkezinde 350 töweregi okuwçy bilen duşuşan Makron, sanly dünýäniň ýaşlaryň ünsüni sowýandygyny belläp, 15 ýaşa çenli çagalara sosial ulgamlary ulanmagy gadagan etmegiň tarapdarydygyny mälim etdi. Fransuz lideri bu çäräniň ýaşlaryň ruhy taýdan kämilleşmegine we jemgyýetçilik jogapkärçiliginiň artmagyna ýardam etjekdigini nygtady.
Häzirki wagtda Fransiýanyň Senaty 15 ýaşdan kiçi çagalar üçin sosial ulgamlary we ýokary synplarda ykjam telefonlary ulanmagy çäklendirýän kanun taslamasyny ara alyp maslahatlaşýar. Bu başlangyç diňe Fransiýa bilen çäklenmän, eýsem tutuş Ýewropada hem giň seslenme döretdi. Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Kir Starmer hem dünýäniň iri tehnologiýa kompaniýalaryny çagalaryň internet howpsuzlygyny üpjün etmekde has kesgitli ädimleri ätmaga çagyrdy. Çagalaryň sanly enjamlary ulanmagyny çäklendirmek boýunça ilkinji karary geçen ýylyň dekabrynda 16 ýaşa çenli çagalara sosial ulgamlary gadagan eden Awstraliýa kabul edipdi.
PDF









