Tebigatda her jandaryň özüne mahsus ýaşaýyş aýratynlygy bar. Mysal üçin, alakadyr gemrijiler hin gazyp, ýeriň aşagynda ýaşaýan bolsa, ýarganat aýagy bilen ýapyşyp, başaşak uklaýar. Jandarlaryň käbiri aşa yssy we gurak howada ýaşaýan bolsa, käbiri garyň ýa-da buzuň üstüni özüniň dogduk depesi hasaplaýar. Şeýle jandarlaryň biri hem polýar aýysydyr.
Eýsem, polýar aýysy -50 derejede nädip ýaşaýarka?! Geliň, polýar aýysy barada gyzykly maglumatlary öwreneliň!
Dünýäde aýynyň 8 görnüşi duş gelýär. Olara Amerikan gara aýysy, Aziýa gara aýysy, goňur aýy, panda, ak aýy, tüýlek ýalta aýy, gözlükli aýy we Gün aýysy diýilýär. Aýylaryň arasynda iň sowukda ýaşaýany ak aýy bolup, oňa başgaça polýar aýysy diýilýär. Ylmy dilde «ursus maritimus» (deňiz aýysy) diýilýän bu jandar balykdyr mör-möjekleri iýýär. Alymlar ak aýylaryň aşa sowukda nädip ýaşaýandygy barada gyzyklanyp, şeýle netijä geldiler. Ak aýynyň sütügi aç-açan bolup, gara deri gatlagy Gün şöhlesini çalt özüne siňdirýär. Deriniň aşagyndaky ýag gatlagy bolsa, ýylylygy özüne çekip, bedeniň gyzgynlygyny üpjün edýär. Tebigat we janly-jandarlar bilen baglanyşykly gepleşiklere tomaşa eden bolsaňyz, ak aýy buzluklaryň üstünden ylgaýar, balygy tutmak üçin suwa bökýär, käte bolsa başga ada geçmek üçin birnäçe kilometre çenli ýüzüp gidýär. Göräýmäge ak aýy üşäýjek ýa-da doňup galaýjak ýaly. Ak aýynyň sütügindäki suwy we buz bölejiklerini yzyna itekleýän ýörite gurluş üşemezliginiň we doňmazlygynyň öňüni alýar. Ak aýynyň sütügi iki gatlakdan ybarat bolup, aşaky gatlagy boş, ýokary gatlagy bolsa, suw geçirmeýän dykyz bolýar. Uzyn süýümler ýylylygy gowy saklaýar.
Arktikanyň iň uly ýyrtyjylarynyň biri bolan ak aýynyň agramy 300-800 kilograma ýetýär. Goňur aýy bilen ýakyn garyndaşlygy bolan bu aýynyň tüý bilen örtülen güýçli penjesi bolup, buzuň üstünde arkaýyn ýöremegini üpjün edýär. Boýy 2,5 metre çenli ýetýän ak aýynyň 42 sany dişi bar. 15 santimetr uzynlykdaky tüý bilen örtülen bu jandarlaryň bedeni 37 dereje gyzgynlykda saklanýar. Ak aýylar gyzyp ugranda suwa girip, bedenini sowadýarlar. Gulagy kiçijik äpet aýylar uzakdaky sesi hem eşidip bilýärler.
Ösen ys alyş ukybyna eýe bolan polýar aýysy Arktikada we onuň golaýyndaky ýerlerde – Grenlandiýada, Kanadada, Alýaskada, Russiýada we Norwegiýada ýaşaýar. Köplenç ýeke ýaşaýan ak aýylar belli-belli möwsümde köpelýärler. Kiçijik ak aýyjygy iki ýarym ýaşyna çenli ene aýy idedýär. Ak aýy bir ýylyň dowamynda 38 müň kilometr ýol geçip, buzluklardyr garly meýdanlara syýahat edip bilýär. Her gün ortaça 12 kilometr ýol geçýän bu jandarlar sagatda 40 kilometr tizlik bilen ylgap bilýärler. Şeýle hem sagatda 6 kilometr tizlik bilen ýüzmegi başarýarlar. Polýar aýysy 3 minutlap suwuň aşagynda durup, penjeleri bilen hereket edip, balyk tutup bilýär. Ak aýy gyş ukusyna gitmeýär. Tebigaty we janly-jandarlary goramak boýunça halkara bileleşiginiň (IUCN) maglumatlaryna görä, ak aýylaryň sany 31 müňden geçmeýär. Howanyň üýtgemegi, maýylganlyk we buzluklaryň eremegi äpet jandarlaryň azalmagyna sebäp bolýar. Ak aýy ýyrtyjy jandar hasaplanýar. Şol sebäpli äpet aýynyň ýanyna barmak howply hasaplanýar.
PDF









