Eýndhowende 7-1 hasabynda ýeňiş gazanan “Arsenal” üçin Londondaky oýnuň o diýen ähmiýeti ýokdy. Şonda-da duşuşyk çekeleşikli ýagdaýda geçip, 2-2 hasabynda deňme-deň tamamlandy. Oýnuň 6-njy minutynda “Arsenal” ukrainaly oýunçysy Oleksandr Zinçenkonyň goly bilen öňe geçse-de, tejribeli Iwan Perişiç 18-nji minutda hasaby deňledi. Deklan Raýs 37-nji minutda tapawutlanyp, 1-nji ýarymyň netijesini kesgitledi we londonlylar arakesmä öňde çykdylar. Duşuşygyň 70-nji minutynda Driueçiň goly bilen PSW hasaby deňledi we duşuşyk 2-2 hasabynda deňlikde tamamlandy. 2 oýnuň netijesi boýunça 9-3 hasabynda öňe saýlanan “Arsenal” bassyr 2-nji, umumylykda-da 8-nji gezek çärýek finala çykdy.
* * *
Fransiýanyň “Lill” topary jogap duşuşygynda Dortmundyň “Borussiýasyny” kabul etdi. Eýýäm 5-nji minutda Jonatan Dewid hasaby açyp, fransuz klubuny öňe çykardy. Ýöne 2-nji ýarymda hasa başgaça oýun görkezen nemes topary ilki Emre Janyň 54-nji minutdaky penalti goly bilen hasaby deňledi. Soňra Maksimillian Baýeriň 65-nji minutdaky goly bilenem öňe geçdi. Duşuşygyň galan minutlarynda ýer eýelerine hasaby deňlemek başartmady. Mälim bolşy ýaly, 1-nji duşuşyk 1-1 hasabynda deňlikde tamamlanypdy. Netijede, 3-2 hasabynda öňe saýlanan geçen möwsümiň finalçysy “Borussiýa Dortmund” 9-njy gezek çärýek finalda oýnamaga hukuk gazandy.