Angliýanyň çempionatynda 33-nji tapgyrdan soň çempionlyk ýaryşy hasam gyzyşar. Sebäbi sanawyň lideri “Arsenal” myhmançylykda 2-nji basgançakda barýan, 1 oýny kem “Mançester Sitiden” 2-1 hasabynda asgyn geldi. Çekeleşikli geçen oýunda “Mançester Siti” toparyna ýeňiş getiren gollary 16-njy minutda Şerki bilen 65-nji minutda Holann geçirdi. “Arsenalyň” ýeke-täk goluny 18-nji minutda derwezeçi Donnarummanyň ýalňyşlygyndan soň, Kai Hawerts öz adyna ýazdyrdy. Şeýlelikde, “Arsenal” bilen “Mançester Sitiniň” arasyndaky utuk aratapawudy 6-a düşüp, iki topar galan oýunlarynyň ählisinde ýeňiş gazanan ýagdaýynda, olaryň utuklary deň bolar. Iki toparyň gol aratapawudy boýunça-da “Arsenalyň” häzirlikçe 1 gol artykmaçlygy bar.
Soňky çempion “Liwerpul” topary “Mersisaýd” derbisinde şäherdeşi “Ewertony” myhmançylykda Salahyň 29-njy, Wan Deýkiň 90+11-nji minutda geçiren gollary esasynda 2-1 hasabynda ýeňdi. “Mançester Ýunaýted” myhmançylykda “Çelsini” Kunýanyň ýeke-täk goly bilen ýeňlişe sezewar etdi. Geçen tapgyrda “Mançester Sitiden” hem utulan “Çelsiniň” çempionaty ilkinji 5-likde tamamlamak mümkinçiligi barha azalýar. Soňky 6 oýunda 5 gezek utulan “Çelsi” 4 duşuşykdan bäri gol hem geçirip bilmän ýeňlip gelýär.
7 goluň geçirilen oýnunda Aston Willa öz meýdançasynda “Sanderlandy” Abrhamyň 90+3-nji minutda salan goly esasynda 4-3 hasabynda utdy. Ligada galmak üçin göreşýän “Tottenham” öz meýdançasynda “Braýton” bilen 2-2 hasabynda deňme-deň oýnady. 2 gezek öňe geçen “Tottenham” garşydaşynyň her ýarymyň goşmaça wagtynda geçiren gollaryna çäre tapyp bilmedi.
Brentford – Fulham: 0-0,
Lids – Wulwerhempton: 3-0 (Jastin 18, Okafor 20, Kalwert-Lýuwin 90+5 p),
Nýukasl – Bornmut: 1-2 (Osula 68 – Tawernie 32, Trüffer 85),
Tottenham – Braýton: 2-2 (Porro 39, Simons 77 – Mitoma 45+3, Rütter 90+5),
Çelsi – M. Ýunaýted: 0-1 (Kunýa 43),
Aston Willa – Sanderland: 4-3 (Wotkins 2, 36, Rojers 46, Abraham 90+3 – Rigg 9, Hýum 86, Izidor 87),
N. Forest – Börnli: 4-1 (Gibbs-Waýt 62, 69, 77, Žesus 90+8 – Flemming 45+2),
Ewerton – Liwerpul: 1-2 (Beto 54 – Salah 29, Wan Deýk 90+11),
Mançester Siti – Arsenal: 2-1 (Şerki 16, Holann 65 – Hawerts 18),
K. Palas – West Ham (şu gije)
PDF









