Angliýanyň “Arsenal” topary çempionlykdaky esasy bäsdeşi “Liwerpul” ýaly täze möwsüme berk taýýarlyk görýär. Iki klubam oýunçy transfer etmekde ýaryşýan ýaly. Londonlylar Ispaniýanyň “Walensiýa” klubundan 21 ýaşyndaky goragçy Kristian Moskerany düzümine goşdy. Transferiň bahasy 15 million ýewro diýlip kesgitlenildi. Iňlis metbugatynda çykan habarlara görä, “Arsenal” ispaniýaly merkezi goragçy bilen 5+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. “Walensiýanyň” ýaşlar düzüminde futbola başlan Moskera ispan toparynyň esasy düzüminde 90 duşuşyk geçirdi. Moskera “Arsenalyň” Kepa Arrizabalaga, Martin Zubimendi, Kristian Norgor, Noni Madueke dagydan soň düzümine goşan 5-nji futbolçysydyr. Şeýle-de, Moskera tomusda “Arsenal” bilen şertnama baglaşan ispaniýaly 3-nji oýunçy boldy.