29-njy awgustda bilimi sanlylaşdyrmak boýunça milli maksatnamanyň çäklerinde, Aşgabatda «Bilimde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde emeli aňyň mümkinçilikleri» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Maslahaty Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary instituty (UNESCO IITE) bilelikde guraýar.
Ylmy-amaly maslahatyň esasy maksady emeli aňyň milli we halkara bilim platformalaryna ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi, şeýle hem bu ugurda tejribeleriň we ylmy gazanylanlaryň paýlaşylmagydyr.
Maslahatda bilimi sanlylaşdyrmak, sanly we media sowatlylyk, emeli aňyň ahlak meseleleri, şeýle hem innowasion bilim tehnologiýalary boýunça ÝUNESKO-nyň wekilleri, öňdebaryjy halkara hünärmenler, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri, alymlar we mugallymlar çykyş eder.
Maslahat emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça tejribeleri alyşmak, sanly eýýamda bilimi ösdürmegiň umumy strategiýalaryny işläp taýýarlamak üçin meýdança hökmünde peýdalanylar. Gatnaşyjylar öňdebaryjy tejribeler bilen tanyşmak, meseleleri we mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem geljekde bilelikdäki taslamalar üçin hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak mümkinçiliklerine eýe bolar. Esasan hem, emeli aňyň şahsyslaşdyrylan okuwda, köptaraplaýyn pikirlenmegi ösdürmekde, şeýle hem bilim maksatnamalarynyň häzirki döwrüň meselelerine we jemgyýetiň zerurlyklaryna uýgunlaşdyrylmagyna üns çekilýär.
Maslahatyň netijeleri emeli aň tehnologiýasynyň gatnaşmagynda innowasion taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin amatly gurşawy döretmäge, şeýlelikde, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga we durnukly ösüşi üpjün etmäge ýardam eder.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi