Şu gün Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen umumybilim berýän 131-nji orta mekdepde mekdep okuwçylarynyň arasynda geçirilýän II halkara matematika olimpiadasy badalga aldy. Munuň üçin, düýn paýtagtymyza dünýäniň dürli döwletlerinden gelen ýaşajyk matematikler we olary ýolbaşçylyk edýän mugallymlaryň uly topary geldi. Olimpiada jemi 15 döwletden, ýagny Russiýadan, Hytaýdan, Eýrandan, Päkistandan, Katar Döwletinden, Saud Arabystany Patyşalygyndan, Nepaldan, Wiýetnamdan, Belarus, Bolgariýa, Ermenistan, Özbegistan, Täjigistan, Türkiýe Respublikalaryndan, şeýle hem Türkmenistandan jemi 231 sany zehinli ýaşlar hem-de olaryň ýany bilen gelen 49 daşary ýurtly mugallymlar gatnaşýarlar.

Ýokary derejede geçiriljek olimpiada 26-njy aprele çenli dowam eder.