Aşgabatda Italiýa Respublikasynyň 80 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçiriler

2

Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde “Festa della Musica” atly ajaýyp aýdym-saz agşamyny hödürleýär. Bu medeni çäre Italiýa Respublikasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk baýramy mynasybetli guralýar. Konsert maksatnamasynda italiýaly meşhur soprano aýdymçysy Zoe Papas Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri bilelikde çykyş eder. Baýramçylyk konserti 3-nji iýunda Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatrynda sagat 19:00-da başlanar.
Konserte gatnaşmak isleýänler üçin mugt petekleri teatryň kassasyndan alyp biljekdigiňizi ilçihana habar berýär.