14-nji oktýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde italýan dili hepdeliginiň çäklerinde birnäçe çäre guraldy. “Italofoniýa: Çäksiz dil” şygary bilen geçirilýän çäre bütin dünýäde bellenilýär. 25-nji gezek geçirilýän hepdelik ýurdumyzda italýan dilini we medeniýetini ösdürmäge gönükdirilen başlangyç bolup, Türkmenistan bilen Italiýanyň arasyndaky bilim ulgamly hyzmatdaşlygyň barha giňeýändiginiň aýdyň güwäsidir. Muňa Italiýa Respublikasynda türkmen ýaşlarynyň ýokary bilim almaklary we ýurdumyzda bilim alýan talyplaryň gysga möhletleýin okuw sapaklaryna gidip gatnaşmaklary şaýatlyk edýär.
Ýokary okuw mekdebiniň we Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy bilen bilelikde guralýan dabara diplomatlary, tanymal italýan professorlary, mugallymlary we talyplary bir ýere jemleýär.
Hepdelik Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Italiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň ýokary derejeli wekilleriniň we uniwersitetiň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagy bilen başlandy. Bu ýokary okuw mekdebiniň italiýaly professor Mariýa Jowanna Farçi hem-de Italiýadan gelen myhman professor Françesko Jiommoni talyplara dürli temalarda gyzykly okuw sapaklaryny berdiler. Şeýle hem türkmen we italýan dilinde aýdymlar ýerine ýetirildi.
Ýokary okuw mekdebiniň foýesinde italýan medeniýetini, edebiýatyny we maglumat materiallaryny görkezýän sergi geçirildi. Bu ýerde dürli türkmen we italýan medeniýetine degişli zehin sowallary, gyzykly oýunlar guralyp, dogry jogaby bilenlere sowgatlar berildi. Sergide Italiýanyň taryhy mirasy we häzirki durmuşy barada giň düşünje berilýär. Hepdeligiň uly bölegi italýan edebiýatyna bagyşlanýar.
Hepdeligiň çäklerinde myhmanlar Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda hem boldular. Şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda, Gujurly nesil okuw merkezinde, “Iş Nokady” koworking merkezinde hem çäreler guralýar.