23-nji sentýabrda Paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Milli Gününiň 91 ýyllygy mynasybetli kabul edişlik geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow, ýurdumyzda iş alyp barýan diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýleki myhmanlar gatnaşdylar.

Bu ýere gelen myhmanlar ilki bilen “Ýyldyz” myhmanhanasynyň eýwanynda guralan sergi bilen tanyşdylar. Onda Saud Arabystanynyň taryhyny, medeniýetini açyp görkezýän fotosuratlar ýerleşdirilipdir. Şeýle hem türkmen-saud gatnaşyklaryna bagyşlanan kitaplar we beýleki neşirler ýerleşdirilipdir.

Iki ýurduň döwlet senalarynyň ýaňlanmagy bilen başlan dabarada Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd iki ýurduň arasyndaky medeni, söwda, ykdysady we beýleki ugurlardaky dostlukly gatnaşyklar barada çykyş etdi. Diplomat Saud Arabystanynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň biri bolup ykrar edendigini we Aşgabatda ilkinji ilçihana açan ilkinji arap ýurdudygyny belledi. Şeýle hem ilçi Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşyk taslamasyny goldaýandygyny nygtady.