Mundan 126 ýyl ozal şu gün, ýagny 1899-njy ýylyň 6-njy martynda nemes derman öndüriji kompaniýasy “Baýer” tarapyndan “Aspirin” atly meşhur dermanyň patenti alynýar. Soňlugy bilen, “Aspirin” ähli dermanhanalaryň iň köp isleg bildirilýän dermanyna öwrülýär.

“Aspiriniň” düzümindäki asetilsalisilik kislotasy ilki başlarda söwüt ajagynyň gabyklaryndaky himiki elementlerden ýasalýar. Irki döwürlerde gadymy Gresiýada bu maddanyň Gippokrat hem agyryny diňdirmek, gyzgyny düşürmek maksady bilen ulanypdyr.