1846-njy ýylyň 22-nji maýynda Nýu-Ýork şäherinde dünýäniň iň iri halkara habarlar agentlikleriniň biri bolan «Associated Press» (AP) esaslandyrylyp, ilkinji habarlaryny neşir edip başlaýar. Bu gazet dünýä täzeliklerini gysga wagtda dessin ýetirmek üçin, täjirçilik maksatly döredilýär. Häzirki wagtda merkezi edarasy ABŞ-da ýerleşýän bu ägirt uly agentlik bütin dünýä boýunça giň radiodyr telewideniýe, neşirýat we fotohabar gulluklarynyň üsti bilen halkara maglumat giňişligini üpjün edýär.
PDF








