Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet ýangyn howpsuzlygy gullugy tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri meýdanlarda ýangyn howpsuzlyk kadalaryny berjaý etmek boýunça maslahatlary bilen ýüzlenip, ýerine ýetirilmeli gaýragoýulmasyz çäreler barada şulary maslahat berýär:
Tokaý seýilgählerinde, daglarda, öri meýdanlarynda zähmet çekýän işgärleriň arasynda jogapkär ýolbaşçylar tarapyndan ýangyn howpsuzlygynyň gaýragoýulmasyz çäreleri barada gözükdiriş gürrüňdeşlikleri geçirilip, berkidilen çäklerde ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini berjaý ediji diwarlyklar, ilkinji ýangyn söndüriji enjamlar bilen üpjün edilen ýangyn germewleri oturdylmaly. Agaçlaryň arasyndaky guran haşal otlar arassalanyp, sürüm işleri geçirilip, ýangyn howpsuzlyk zolagy döredilmeli. Uzyn agaçlaryň şahalarynyň elektrik tok geçirijileri bilen galtaşýan ýerlerini kesip aýyrmaly. Çäklerde işledilýän tehnikalaryň tüsse çykarýan abzallary uçgun söndüriş enjamlary bilen berk ýapylyp, tehniki ýagdaýynyň elmydama gurat bolmagy gözegçilikde saklanmaly. Işledilýän tehnikalar ilkinji ýangyn söndüriş enjamlary bolan keçe, pil, palta, çäge, suw, ot söndüriş enjamlary bilen üpjün edilmeli. Çäklerde çalgy ýagy, ýeňil ýanyjy suwuklyk siňen esgileri taşlap gitmek, guran haşal otlary ýakmak, doly söndürilmedik otluçöp, çilim galyndylaryny taşlamak howpludyr. Ot ýakmazlyk baradaky suratly ýatlatmalar görnükli edilip goýulmaly. Çüýşe gaplary galdyrmak hem howpludyr, sebäbi Gün şöhlesiniň geçmegi netijesinde ýangynyň döremegine getirip biler. Çäklerde kebşirleme işlerini geçirmäge rugsady bolan işgärler, bu işleriň geçiriljek ýerlerini ot-çöplerden arassalap, uçgun ýaýramaz ýaly, oda durnukly diwar gurup, ot söndüriş serişdeleri bilen üpjün edip, işe girişmeli. Işler tamamlanandan soň, oduň tutaşmagyna sebäp bolup biljek uçgunlaryň galmandygyna göz ýetirilenden soň, işlenen ýerden gitmeli.
Hormatly ildeşler! Biziň hemmämiz ýurdumyzyň gözel, baý tebigatynyň, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň abat bolmagyna jogapkärdiris. Çünki, bu geljekde ýurdumyzyň ösümlik köpdürlüligini gorap saklamaga, ony geljek nesillerimize miras galdyrmaga ýardam eder.
Yhlas Miriýew,
Aşgabat şäheriniň Polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň 100-nji ýangyn howpsuzlyk bölüminiň döwlet ýangyn gözegçilik bölümçesiniň müdiri – uly gözegçisi, içerki gullugyň maýory.