Hepdäniň duşenbe gününde Iwan Ýuriçi wezipesinden boşadan “Atalanta” toparynyň täze tälimçisi hökmünde Raffaele Palladino bellenildi. 41 ýaşyndaky italiýaly hünärmen bergamolylar bilen 2027-nji ýylyň tomsuna çenli şertnama baglaşdylar. Ýaş tälimçi 2022-2024-nji ýyllar aralygynda “Monza” toparyna, geçen möwsümde bolsa “Fiorentina” toparyna tälim berdi.
“Atalanta” topary 13 utuk bilen “Serie A”-da 13-nji orunda barýar.
PDF









