Ger­ma­ni­ýa­nyň “Audi” kom­pa­ni­ýa­sy 2022-nji ýyl­da elekt­rou­lag sa­tu­wy­ny 44,3 gö­te­rim möç­be­rin­de art­dyr­dy. Şeý­le­lik­de, kom­pa­ni­ýa 118 müň 196 elekt­rou­la­gy müş­de­ri­le­ri­ne ýe­tir­di. Bu gör­ke­zi­ji bren­diň umu­my aw­tou­lag sa­tu­wy­nyň 9,8 gö­te­ri­mi­ni eme­le ge­ti­rip­dir. Aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­si ge­çen ýy­lyň soň­ky çär­ýe­gin­de sa­tu­wy­ny 2021-nji ýy­lyň de­giş­li döw­rün­dä­ki­den 26 gö­te­rim art­dy­ryp, 420 müň 700 ula­gy müş­de­ri­le­re ýe­ti­rip­dir. Kuw­wat­ly ulag­la­ry ön­dür­mek bi­len meş­gul­lan­ýan kom­pa­ni­ýa tä­ze ener­gi­ýa­ly ulag­la­ry ön­dür­mek üçin hem ta­gal­la ed­ýär. 2029-njy ýy­la çen­li her za­wo­dyn­dan azyn­dan bir elekt­rou­lag mo­de­li­niň önüm­çi­li­gi­ni ýo­la goý­ma­gy mak­sat edin­ýän ne­mes bren­di tä­ze za­wod­lar gur­ma­gyň ýe­ri­ne bar bo­lan önüm­çi­lik des­ga­la­ry­ny elekt­rou­lag ön­dür­mek üçin amat­ly ýag­da­ýa ge­ti­rer. Şeý­le­lik­de, di­zel we ben­zin bi­len iş­le­ýän ulag­la­ryň or­nu­ny elekt­rou­lag­lar ön­dü­ri­ler. Mun­dan baş­ga-da kom­pa­ni­ýa 2026-njy ýyl­dan baş­lap, di­ňe elekt­rou­lag ta­nyş­dyr­jak­dyk­la­ry­ny mä­lim et­di. “Audi”-niň we­kil­le­ri­niň bel­le­mek­le­ri­ne gö­rä, 2033-nji ýyl­dan bu baş­lap bol­sa, kom­pa­ni­ýa­nyň ha­ryt sa­na­wyn­da için­den ot­lan­ýan he­re­ket­len­di­ri­ji­li ulag­lar bol­maz.
Kom­pa­ni­ýa hä­zir­ki wagt­da ön­dür­ýän elekt­rou­lag mo­del­le­ri­niň sa­ny­ny hem art­dyr­ýar. Do­lu­ly­gy­na elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän “Audi Q4 e-tron” hem-de “Audi e-tron GT quatt­ro” mo­del­le­ri­ne ara­sy­na tä­ze “Audi Q8 e-tron”-yň hem go­şul­ma­gy bi­len elekt­rou­lag sa­tu­wy­nyň has-da art­ma­gy­na ga­ra­şyl­ýar.

Ak­mu­ham­met Ma­me­dow, Ýag­şy­gel­di Ka­ka­ýew adyn­da­ky Hal­ka­ra ne­bit we gaz uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.