9-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji halkara maslahatynyň çäklerinde dürli derejedäki duşuşyklaryň geçiriljek ýeri bolan Kongresler merkezine bardy.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz Kong­res­ler mer­ke­zi­niň ýa­ny­na ge­lip, bi­na­nyň daş keş­bi­ni syn­la­dy, onuň ýa­na­şyk ýer­le­ri­niň aba­dan­laş­dy­ry­lyş de­re­je­si bi­len gy­zyk­lan­dy. Köp gat­ly bu mer­ke­ziň daş keş­bin­de bol­şy ýa­ly, onuň iç­ki be­zeg iş­le­rin­de-de mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri bi­len hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si ut­gaş­ýar. Al­tyn öwüş­gin­li na­gyş­la­ry bo­lan bi­na ka­şaň­ly­gy, öz­bo­luş­ly bi­na­gär­lik aý­ra­tyn­ly­gy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar.
Hal­ka­ra fo­ru­myň ge­çi­ril­jek gün­le­rin­de bu mer­ke­ziň bi­na­syn­da hem bir­nä­çe äh­mi­ýet­li çä­re­le­ri gu­ra­mak me­ýil­leş­di­ril­ýär. Çün­ki top­lum­da dür­li de­re­je­dä­ki hal­ka­ra çä­re­le­ri gu­ra­mak üçin äh­li ze­rur müm­kin­çi­lik­ler bar. Gah­ry­man Arkadagymyz ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ril­jek du­şu­şyk­la­ryň we gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça ka­bul edil­jek çöz­güt­le­riň, ga­za­nyl­jak yla­la­şyk­la­ryň öza­ra gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­de äh­mi­ýet­li bol­jak­dy­gy­ny, şo­ňa gö­rä, bi­na­la­ryň taý­ýar­lyk de­re­je­si­ne ze­rur üns ber­me­giň wa­jyp­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ýer­de dö­re­dil­ýän şert­ler mer­ke­ziň işe­wür­lik we sy­ýa­sy iş­jeň­lik ýag­da­ýy­na la­ýyk gel­me­li­dir. Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy da­şa­ry ýurt­ly we­kil­le­riň ýo­ka­ry de­re­je­de iş­läp bil­mek­le­ri ba­bat­da ze­rur ta­gal­la­la­ry et­mek bo­ýun­ça bir­nä­çe mas­la­hat­la­ry­ny ber­di.
Öň­de bol­jak çä­re­le­riň ýur­du­my­zyň ta­ry­hy­na tä­ze, mö­hüm sa­hy­pa­ny ýaz­jak­dy­gy­ny aý­dyp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz hal­ka­ra fo­ru­myň gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çi­ril­me­gi­niň ýur­du­myz­da tu­tum­ly iş­le­riň üs­tün­lik­li amal bol­ýan­dy­gy­nyň aý­dyň ny­şa­ny­na öw­rül­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di.
Soň­ra Mil­li Li­de­ri­mi­ziň ga­ra­ma­gy­na Awa­za­nyň me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­mek üçin ni­ýet­le­nen mer­ke­zi­niň abat­la­ýyş iş­le­ri­ne de­giş­li şe­kil tas­la­ma­la­ry we des­ga­la­ryň ýer­leş­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry gör­ke­zil­di. Gör­ke­zil­ýän tas­la­ma­la­ryň ha­ta­ryn­da teatr­laş­dy­ry­lan in­te­rak­tiw de­ňiz suw çüw­dü­rim­le­ri­niň ýer­leş­di­ril­jek ýer­le­ri­niň çyz­gy­la­ry, çaý­ha­na­nyň, oýun-güý­men­je meý­dan­ça­la­ry­nyň tas­la­ma­la­ry, bu ýer­de we suw çüw­dü­rim­le­ri­niň how­dan­la­ryn­da otur­dyl­jak mer­mer­le­riň, otur­gyç­la­ryň, yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my­nyň, mer­ke­ziň çä­gi­niň ger­mew­le­ri­niň gör­nüş­le­ri, çy­kyş et­mä­ge ni­ýet­le­nen sah­na­nyň aba­dan­laş­dy­ry­ly­şy ýa­ly tas­la­ma­lar bar.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy tas­la­ma­lar bi­len iç­gin tan­şyp, ola­ra bir­nä­çe bel­lik­le­ri­ni aýt­dy we de­giş­li dü­ze­diş­le­ri­ni gi­riz­di. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, deň­ziň ke­na­ryn­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra fo­ru­myň me­de­ni mak­sat­na­ma­sy­nyň taý­ýar­la­nyl­ma­gy­na top­lum­la­ýyn esas­da çe­me­le­şil­ýär. Şeý­le hem iri mas­la­ha­tyň hor­ma­ty­na öz­bo­luş­ly dost­luk fes­ti­wa­ly­nyň gu­ral­jak­dy­gy, oňa Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň we beý­le­ki ýurt­la­ryň we­kil­le­ri­niň gat­naş­ma­ga uly gy­zyk­lan­ma bil­dir­ýän­dik­le­ri ba­ra­da aý­dyl­dy. Mu­nuň özi ýur­du­myz­da gu­ral­ýan hal­ka­ra çä­re­le­riň tu­tuş dün­ýä de­re­je­sin­de äh­mi­ýet­li­di­gi­niň be­ýa­ny­dyr. Bu ýer­de ýaý­baň­lan­dy­ry­lan abat­la­ýyş iş­le­rin­de ula­nyl­ýan gur­lu­şyk we be­zeg se­riş­de­le­ri­niň hil hem-de gö­ze ge­lüw­li­lik ba­bat­da hä­zir­ki za­man ta­lap­la­ry­na la­ýyk gel­me­li­di­gi­ni bel­läp, Gah­ry­man Arkadagymyz bu iş­ler­de hä­zir­ki za­ma­nyň ösen tej­ri­be­si­ne, mil­li bi­na­gär­lik ýö­rel­ge­le­ri­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ne esas­la­nyl­ma­ly­dy­gy­na ün­si çek­di. Şun­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­ler uzak gel­je­gi na­zar­la­ýan bi­na­gär­lik çöz­güt­le­ri­ne öw­rül­me­li­dir. Olar­da berk­lik, oňaý­ly­lyk we owa­dan­lyk saz­la­şyk­ly ut­gaş­ma­ly­dyr. Aý­ra­tyn-da, dün­ýä­niň dür­li ýurt­la­ry­nyň sun­gat us­sat­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gu­ral­jak aý­dym-saz­ly çy­kyş­lar­da ýur­du­myz­da pa­ra­hat­çy­ly­gyň we dur­nuk­ly ösü­şiň üp­jün edil­me­gi­ne gö­nük­di­ril­ýän ta­gal­la­lar öz be­ýa­ny­ny tap­ma­ly­dyr. Şo­nuň ýa­ly-da, dynç alyş zo­la­gy­nyň aý­dym-saz sah­na­sy­nyň be­ze­gi, onuň yşyk­lan­dy­ryş ul­ga­my we bu tö­we­re­giň eko­lo­gik de­re­je­si bir bi­te­wi saz­la­şy­gy eme­le ge­tir­me­li­dir.
Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň mö­hüm wa­ka­la­ry­nyň üs­tü­ni ýe­tir­jek hal­ka­ra fo­rum ýat­da ga­ly­jy wa­ka­la­ra, tä­sir­li pur­sat­la­ra bes­len­me­li­dir. Onuň kö­pö­wüş­gin­li hä­si­ýe­te eýe bol­ma­gy Türk­me­nis­ta­nyň Bi­ta­rap­lyk stra­te­gi­ýa­sy­na ky­bap gel­ýän mil­li ýö­rel­ge­le­ri­niň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­ýän­di­gi­ni gör­ke­zer di­ýip, Mil­li Li­de­ri­miz bel­le­di hem-de bu ba­bat­da de­giş­li ýol­baş­çy­la­ra öz mas­la­hat­la­ry­ny ber­di.
Gahryman Ar­ka­da­gy­myz Ha­za­ryň ke­na­ryn­da BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça üçün­ji hal­ka­ra mas­la­ha­ty­ny ge­çir­mek we onuň çäk­le­rin­de beý­le­ki me­de­ni-yn­san­per­wer çä­re­le­ri ýaý­baň­lan­dyr­mak ar­ka­ly Türk­me­nis­ta­nyň dün­ýä ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da dost­luk köp­rü­le­ri­niň bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­jek­di­gi­ni bel­le­di. Bu çä­re­ler Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bo­ýun­ça BMG-niň Baş As­samb­le­ýa­sy ta­ra­pyn­dan yg­lan edi­len Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyş­mak ýy­ly­nyň esa­sy wa­ka­la­ry­nyň bi­ri­ne öw­rü­ler. Bu bol­sa Wa­ta­ny­my­zyň he­mi­şe­lik Bi­ta­rap­ly­gy­nyň 30 ýyl­ly­gy my­na­sy­bet­li gu­ral­jak da­ba­ra­la­ryň ma­ny-maz­mun taý­dan baý­laş­ma­gy­ny şert­len­di­rer.
Soň­ra Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Awa­za­nyň gö­zel kün­je­gin­de ýer­leş­ýän kä­bir myh­man­ha­na­la­ryň taý­ýar­lyk de­re­je­si we olar­da dö­re­di­len şert­ler bi­len ta­nyş­dy. Hal­ka­ra fo­ru­ma gat­naş­ýan myh­man­lar üçin ni­ýet­le­nen otag­lar­da ýo­ka­ry de­re­je­li ýa­şa­ýyş we oňaý­ly dynç alyş üçin äh­li ze­rur şert­ler dö­re­di­lip­dir. Myh­man­la­ryň türk­men hal­ky­nyň mil­li däp­le­ri esa­syn­da gar­şy­la­nyl­ma­ly­dy­gy­ny, olar üçin ýo­ka­ry de­re­je­li şert­le­riň dö­re­dil­me­li­di­gi­ni bel­läp, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz fo­ru­ma gat­na­şy­jy­la­ryň türk­men myh­man­sö­ýer­li­gi­ni duý­mak­la­ry ba­bat­da ze­rur ta­gal­la­la­ryň edil­me­li­di­gi­ne ün­si çek­di.
Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Awa­za­nyň çäk­le­rin­de bar bo­lan myh­man­ha­na­la­ryň taý­ýar­lyk de­re­je­si bi­len bag­la­ny­şyk­ly ta­nyş­ly­gy­ny do­wam et­di. BMG-niň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan döw­let­ler bo­ýun­ça fo­ru­my­na gat­na­şy­jy­la­ryň bir bö­le­gi­niň ýa­şa­jak myh­man­ha­na­la­ryn­da ýo­ka­ry de­re­je­li şert­ler üp­jün edil­ýär. Şol bir wag­tyň özün­de bi­na­la­ryň en­jam­laş­dy­ry­ly­şy­na, olar­da dö­re­dil­ýän şert­le­riň amat­ly­ly­gy­na mö­hüm äh­mi­ýet be­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz myh­man­la­ryň bu ýer­de ýa­şan wag­tyn­da oňaý­ly dynç al­mak­la­ry, ge­ze­lenç et­mek­le­ri we de­ňiz gö­zel­li­gi­ni syn­lap bil­mek­le­ri üçin äh­li ze­rur müm­kin­çi­lik­le­riň dö­re­dil­me­li­di­gi­ni aýt­dy.
Soň­ra türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýer­de de­giş­li ýol­baş­çy­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da iş mas­la­ha­ty­ny ge­çir­di. Onuň do­wa­myn­da hal­ka­ra fo­ru­ma çen­li az wag­tyň ga­lan­dy­gy­ny na­za­ra alyp, ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň dep­gi­ni­ni ýo­kar­lan­dyr­mak bi­len bag­la­ny­şyk­ly me­se­le­ler ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Mil­li Li­de­ri­miz äh­li gur­lu­şyk we abat­la­ýyş iş­le­ri­niň ýo­ka­ry hil de­re­je­sin­de, kes­git­le­nen möh­let­ler­de ber­jaý edil­me­gi­niň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, bu ug­ra de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň we­kil­le­ri­niň iş­jeň gat­naş­ma­gyn­da öň­de dur­ýan we­zi­pe­le­ri üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­tir­me­giň ugur­la­ry bo­ýun­ça pi­kir alyş­ma­la­ryň gu­ral­ma­gy mak­sa­da­la­ýyk bo­lar. Çün­ki me­ýil­leş­di­ri­len iş­le­riň ýo­ka­ry hil­li, wag­tyn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi mas­la­ha­tyň gu­ra­ma­çy­lyk de­re­je­si­ne tä­si­ri­ni ýe­ti­rer. Şeý­le hem köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­rin­de öň­de bol­jak hal­ka­ra fo­ru­myň ta­ry­hy äh­mi­ýe­ti ba­ra­da ma­ka­la­la­ryň, te­le we ra­dio gep­le­şik­le­riň taý­ýar­la­n­ma­gy­na aý­ra­tyn üns be­ril­me­li­dir. Fo­ru­myň ge­çi­şi ba­ra­da ýur­du­my­zyň in­ter­net saýt­la­rynda, elekt­ron ne­şir­le­rinde, te­le­ra­dio­ýaý­lym­larda yzy­gi­der­li beril­me­li­dir. Mu­nuň özi fo­rum­da ga­ral­jak me­se­le­le­riň we ka­bul edil­jek çöz­güt­le­riň äh­mi­ýe­ti­ni dün­ýä ýaý­mak­da wa­jyp äh­mi­ýe­te eýe bo­lar.