Taýlandyň hökümeti dünýäniň meşhur syýahatçylyk merkezleriniň biri bolan Pattaýanyň golaýyndaky Utapao howa menziliniň ýanynda “awiasiýa şäherini” gurmak meýilleşdirýär. Bu taslama ýurduň awiasiýa pudagynyň ösüşine itergi bermek maksady bilen durmuşa geçiriler. Umumy bahasy 8,9 milliard dollar bolan bu taslamanyň gurluşygyna golaýda başlanmagyna garaşylýar. Ýurduň hökümeti döwlet edaralary bilen hususy eýeçilige degişli kompaniýalaryň hyzmatdaşlygy bilen amala aşyryljak taslama 10,4 million inedördül metr meýdany öz içine aljakdygyny mälim etdi. Taslamanyň çäklerinde ýurduň gündogaryndaky senagat taýdan ösen welaýaty bolan Raýong şäherindäki we Utapao howa menziliniň giňelmegini öz içine alýar. Howa menzilinde gury ýer ulag serişdeleri, logistika toplumlary, ýük bölümleri we söwda merkezi ýaly multimodal merkez dörediler.
Rozajan Atamuradowa, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby.
PDF









