Gaýybana syýahat
Dünýäniň syýahatçylyk pudagyndaky meşhur binalaryň hatarynda Awstraliýanyň Sidneý opera teatryny hem görkezmek bolar. 1973-nji ýylda gurluşygy tamamlanan bu bina göýä ýüzüp barýan ak ýelkenli gämini ýadyňa salýar. Sidneý portunyň golaýyndaky ýarym adada, Bennelong nokadynda ýerleşýän bu teatr spektakl meýdançasyny, konsert zalyny, iki teatr zalyny, oýun otaglaryny, studiýany we üçegindäki biri-birine bagly ýelkenli restoranlary öz içine alýar. XX asyryň özboluşly binagärlik eseri hasaplanýan Sidneý opera teatry deňsiz-taýsyz bezegi, gurluşy we ornaşdyrylan tehnologik täzelikleri bilen syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär.
Sidneý opera teatry diňe bir ajaýyp binagärlik täsinligi bolman, eýsem, dünýä derejesindäki opera teatrdyr. Häzirki wagtda Sidneý opera teatrynda her ýyl 1 müň 500-e golaý çykyşlar ýerine ýetirilýär. Bu teatryň açylan ýyly sahnada ilkinji bolup XX asyryň meşhur aktýory, ýazyjysy we aýdymçysy Pol Robson çykyş edýär. Nusgawy balet çykyşlaryndan, innowasion teatrlardan we simfoniki sazlardan häzirki zaman tanslaryna çenli opera eserleriniň birnäçesi iňlis, mandarin, fransuz, nemes, ýapon, koreý we ispan dillerinde tomaşaçylara hödürlenýär. Opera teatryna her ýyl 10 milliondan gowrak tomaşaçy barýar. Mundan başga-da, bu teatrda her ýylyň maý-iýun aýlarynda dünýädäki iň uly ýagtylyk we aýdym-saz baýramçylygy bolan «Wivid Sydney» sanly yşyk festiwaly geçirilýär.
Teatryň gurluşygynyň taryhyndan
1956-njy ýylda Täze Günorta Uels hökümeti milli opera teatryny gurmak üçin «Opera House» halkara taslama bäsleşigini geçirýär. Bäsleşige 33 ýurtdan 233 taslama hödürlenip, 38 ýaşly daniýaly binagär Ýorn Utson ýeňiji bolýar. 1959-njy ýylda gurluşygyny 4 ýylda tamamlamak meýilleşdirilen taslama 14 ýylda gurlup gutarylýar. Sidneý opera teatry 1973-nji ýylyň 20-nji oktýabrynda Beýik Britaniýanyň Şa zenany Ýelizaweta II tarapyndan açylýar. Sidneý opera teatry 2005-nji ýylda Awstraliýanyň milli mirasynyň sanawyna, 2007-nji ýylda bolsa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilýär.