Awtoulag sergisi “gibrid” görnüşde geçiriler

83
FRANKFURT AM MAIN, GERMANY - SEPTEMBER 10: A transparent automobile sits on display during the media preview dayat the ZF Friedrichshafen AG exhibition stand at the 2019 IAA Frankfurt International Auto Show on September 10, 2019 in Frankfurt, Germany. The latest electric car technology is among the highlights of this years show. The IAA will be open to the public from September 12 through 22. (Photo by Sascha Schuermann/Getty Images)

Ýewropanyň we dünýäniň iň esasy awtoulag sergileriniň biri bolan Frankfurk awtoulag sergisi (nemesçe: “Internationale Automobil-Ausstellung”) şu ýyl sanly hem-de adaty görnüşde geçiriler. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl dünýäde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlar sebäpli sanly ulgam arkaly geçirilipdi. Şu ýylyň 7 – 12-nji sentýabrynda geçiriljek Frankfurt awtoulag sergisiniň iki görnüşde hem geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Şeýle hem 70 ýyldan bäri geçirilip gelinýän halkara çäre ilkinji gezek Mýunhende geçiriler. Sergä “Volkswagen”, BMW we “Daimler” ýaly nemes kompaniýalar bilen bir hatarda “Ford”, “Hyundai”, “Renault”, “Stellantis” we birnäçe hytaý kompaniýalaryň hem gatnaşmagyna garaşylýar. Şäheriň Rim atly sebitinde açyk meýdanda geçiriljek serginiň sanly görnüşdäkisinde “artdyrylan hakykat” tehnologiýasyndan peýdalanylar.