Awtoulag sergisinde soňky tehnologiýalar

127

Hy­ta­ýyň Şan­haý şä­he­rin­de aw­tou­lag ser­gi­si ge­çi­ril­ýär. Ser­gi­de Hy­ta­ýyň öz brend­le­ri­niň ag­dyk­lyk ed­ýän­di­gi­ni gör­mek bol­ýar. Göz­den ge­çi­ri­liş­de gün­ba­tar­ly kom­pa­ni­ýa­lar hem, esa­san, hy­taý ba­za­ry üçin ni­ýet­le­nen aw­tou­lag­la­ry­ny gör­kez­ýär. Ser­gi­de elekt­rou­lag­la­ra has köp orun ber­lip­dir. Gün­ba­tar­ly kom­pa­ni­ýa­lar has uly we ýo­ka­ry aý­ra­tyn­ly­gy bo­lan ulag­la­ry gör­kez­ýän bol­sa, hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry el­ýe­ter­li ba­ha­ly, ki­çi­räk ulag­la­ry hö­dür­le­ýär.
Ser­gi dün­ýä­niň iň uly aw­tou­lag ser­gi­si ha­sap­lan­ýar. Bu ýer­de glo­bal aw­tou­lag se­na­ga­ty­nyň iň soň­ky ga­za­nan­la­ry­ny gör­mek bol­ýar. Hy­taý kom­pa­ni­ýa­la­ry di­ňe elekt­rou­lag däl, eý­sem, bu ulag­la­ra de­giş­li ýo­ka­ry teh­no­lo­gi­ýa­nyň iş­läp taý­ýar­la­ýar. Hal­ka­ra çä­re­de aw­tou­lag ön­dü­ri­ji­le­ri gel­jek­ki me­ýil­na­ma­la­ry ba­ra­da hem mag­lu­mat ber­di. “Volks­wa­gen” kom­pa­ni­ýa­sy 2026-njy ýyl­da çen­li ýe­ne-de 10 elekt­rou­lag mo­de­li­ni ta­nyş­dyr­jak­dy­gy­ny, tä­ze ulag­la­ryň adat­da­ky­dan 40 gö­te­rim çalt iş­le­nip taý­ýar­lan­jak­dy­gy­ny mä­lim et­di. Bu bol­sa, aw­tou­lag se­na­ga­tyn­da bäs­deş­li­giň bar­ha ýi­ti­le­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär.
Elet­rou­lag çy­kar­mak­da bäs­deş­le­ri­ne ga­ra­nyň­da bi­raz yz­da bar­ýan “Toyo­ta” bol­sa, Şan­haý­da iki sa­ny tä­ze elek­tou­la­gy­ny köp­çü­li­ge gör­kez­di. Şeý­le­lik­de Hy­taý­da sa­tu­wa çy­ka­ran elekt­rou­lag sa­ny­ny iki es­se art­dyr­dy. “Lexus” bren­di bol­sa mi­ni­wan li ula­gy­ny gör­kez­di. Bu ula­gyň di­ňe Hy­taý däl, Ýew­ro­pa ba­za­ry­na hem hö­dür­len­me­gi­ne ga­ra­şyl­ýar.
Teh­no­lo­gi­ýa­nyň ös­me­gi bi­len elekt­rou­lag­la­ryň bir ge­zek­ki zar­ýa­dy bi­len geç­ýän ara­ly­gy­nyň ar­tan­dy­gy­ny gör­mek bol­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­niň iň köp aw­tou­lag sa­tyl­ýan ýur­dy bo­lan Hy­taý­da aw­tou­lag­la­ryň üç­den bi­ri­ne go­la­ýy­ny elekt­rik ener­gi­ýa­sy bi­len iş­le­ýän ulag­lar eme­le ge­tir­ýär.

Mergen Gu­ba­ýew, Türk­me­nis­ta­nyň Oguz han adyn­da­ky in­že­ner-teh­no­lo­gi­ýa­lar uni­wer­si­te­ti­niň ta­ly­by.