Häzirki wagtda ulanýan senenamamyzda aý atlarynyň tertibi adaty ýaly görünse-de, olaryň kökleri gadymy Rim siwilizasiýasyna, mifologiýa we wagt baradaky düşünjelere uzaýar. Bu atlar müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen medeni miras hasaplanýar. Aýlaryň atlary gadymy dünýäniň düşünjesini, wagt baradaky garaýyşlaryny we rowaýatlaryny özünde jemleýär. Ine, aý atlarynyň manylary we ýerleşiş tertibiniň sebäpleri:
Ýanwar. Bu aýyň ady gadymy rimde Ýanus atly iki ýüzli hudaýyň ady bilen baglydyr. Şeýle bolansoň, bu aý geçişleriň, gapylaryň we başlangyçlaryň nyşany hasaplanypdyr. Bir ýüzi geçmişe, beýlekisi geljege garaýan bu hudaý täze ýylyň başlanmagyny alamatlandyrýar. Şonuň üçin ýanwar aýy ýylyň ilkinji aýy hökmünde kabul edilipdir.
Fewral. Fewral sözi latynça “februa” – “arassalaýyş dessurlary” diýen manyny berýär. Gadymy Rimde bu aý ruhy we jemgyýetçilik taýdan arassalanmak döwri bolupdyr. Ilkibaşda rim senenamasynda fewral ýylyň soňky aýy bolup, täze ýylyň öň ýanyndaky taýýarlyk bilen baglanyşdyrylypdyr.
Mart. Bu aý rim hudaýy Marsyň ady bilen atlandyrylypdyr. Mars uruş hudaýy bolmak bilen bir hatarda ekerançylygyň hem goragçysy hasaplanypdyr. Gadymy rimliler üçin mart aýy ýylyň başlangyjy bolup, oba hojalyk işleri we jemgyýetçilik işjeňligi hut şu aýda başlanypdyr. Ozalky senenamalaryň köpüsinde mart ýylyň birinji aýy hasaplanypdyr.
Aprel. Bu at latynça “aperire” – “açmak” sözünden gelip çykan bolmagy ähtimal. Tebigatyň oýanmagy, gülleriň açylmagy, ösüşiň başlanmagy bu aýyň esasy aýratynlygydyr. Käbir gadymy çeşmelerde “Aprilis” ady söýgi hudaýy Afrodita bilen baglanyşdyrylsa-da, bu pikir häzirki ylmy jemgyýetçiliginde doly tassyklananok. Şeýle-de bolsa, aprel söýgi, gülleýiş we täzeleniş aýy hökmünde kabul edilýär.
Maý. Bu aý ösüşiň we ýaz paslynyň hudaýy Maýanyň ady bilen baglanyşyklydyr. Grek dilinde “Maýa” sözi “ene”, “ekleýji” manysyny berýär. Gadymy düşünjelerde Maýa Ýer ýüzündäki ýaşaýşyň, ösüşiň we berekediň nyşany bolupdyr. Şonuň üçin maý aýy täzelenişiň we tebigatyň doly janlanýan döwrüdir.
Iýun. Aýyň ady maşgalanyň, nikanyň we zenanlaryň goragçysy bolan Ýunona hudaýynyň adyndan gelip çykýar. Gadymy döwürlerden bäri iýun toý-baýramar üçin amatly aý hasaplanypdyr. Bu däp häzirki wagtda hem dowam edýär.
Iýul. Bu aýy ilkibaşda “Quintilis” – “bäşinji aý” diýip atlandyrylypdyr, sebäbi rim senenamasy mart aýyndan başlanýardy. B.e.öň 44-nji ýylda bu aý rim döwlet işgäri Gaý Ýuliý Sezaryň hormatyna “Iulius” diýip üýtgedilipdir. Sezar tarapyndan girizilen ýulian senenamasy Ýewropada uzak wagtlap ulanylypdyr.
Awgust. Bu aýa öň “Sextilis”, ýagny “altynjy” aý diýilýärdi. B.e.öň VIII asyrda ol Rim imperiýasynyň ilkinji imperatory Oktawian Awgustyň ady bilen atlandyryldy.
Sentýabr. Bu söz latynça “septem” – “ýedi” diýen sözden emele gelipdir. Senenamanyň üýtgemegine garamazdan, ýagny ýylyň martdan däl-de, ýanwardan başlamagyna garamazdan, aýlaryň atlary öňküligine galypdyr.
Oktýabr. Bu aý hem edil awgust we sentýabr ýaly senenamadaky ýerleşýän tertibi bilen baglanyşyklydyr. “Octo” “sekiz” diýmegi aňladýar.
Noýabr. Latynça “novem” “dokuz” diýen manyny berýär.
Dekabr. “Decem” “on” diýen manyny berýär. Ilkibaşda ýylyň onunjy aýy bolup, jemleme, hasabat we baýramçylyklar bilen baglanyşykly bolupdyr. Häzirki wagtda-da dekabr aýy ýylyň jemleýji döwri hökmünde kabul edilýär.

Zyýada Ýusubowa, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby.