Aýa gonduryljak iki kosmos gämisi “SpaceX” kompaniýasynyň raketasy bilen uçuryldy. Aýyň ýüzüne gonduryljak gämileriň biri ABŞ-a, beýlekisi Ýaponiýa degişli. Kosmos gämileri bir raketa bilen uçurylan hem bolsa, uçuşdan bir sagat geçenden soňra hersi öz aýratyn ýoly bilen syýahatyny dowam etdirdi. Ýaponiýanyň “ispace” kompaniýasynyň ugradan enjamy Ýeriň hemrasynyň öwrenilmegine hem-de geljekde şol ýerde azyk we suw üpjünçiliginiň ýola goýulmagyna ýardam eder. Hereket edip bilýän “Resilience” atly enjamda topragy almak üçin piljagaz hem bar. Robot maý aýynyň ahyrynda ýa-da iýun aýynyň başynda Aýyň Ýere bakýan tarapynyň demirgazygyndaky “Mare Frigoris” atly ýere barar. Bu kompaniýa iki ýyl ozal hem şeýle enjamy Aýa ugradypdy.
Merkezi edarasy Tehasda ýerleşýän “Firefly Aerospace” kompaniýasy bolsa Aý topragynyň astynyň temperaturasyny ölçemek üçin buraw bilen enjamlaşdyrylypdyr. Bu enjam arkaly jemi 10 synag geçiriler. Bu enjam Aýa ýaponiýaly “ýoldaşyndan” has ir – mart aýynyň başynda baryp ýeter. Ululygy iki metre barabar bolan enjam Aýyň demirgazygyndaky wulkanik düzlüge gonar.
1960-njy ýyllardan bäri bäş ýurt – ozalky Sowet Soýuzy, ABŞ, Hytaý, Hindistan we Ýaponiýa Aýa dürli ululykdaky enjamlary gondurmagy başardy. Olaryň arasynda ulaga meňzeş hereket edýän tigirli enjamlar hem bar.