Kähalatlarda howanyň sowuk günlerinde aýnanyň ýüzünde buguň emele gelendigini görýäris. Bu hadysa hammamda ýa-da aşhanada hem her gün diýen ýaly gabat gelmek bolýar. Eýsem, aýnanyň ýüzünde bug we damjalar nädip emele gelýärkä?!
Howanyň düzüminde azda-kände bug halynda suw bolýar. Bug halyndaky suw molekulalary howada aýlanýarka salkyn ýere, ýagny aýna ýakynlaşýar. Suw molekulalary ýylylyk energiýasyny ýitirende haýallaýar we aýnada buguň emele gelmegine sebäp bolýar. Bug sowuk tekizlige degse, gaýtadan suwa öwrülip, şol ýerde birigýär. Suwuklyk gaz ýagdaýyna (bugarma) we ýene-de bugarandan soň damja görnüşinde (kondensasiýa) suwa öwrülýär. Bilişimiz ýaly, suw gaýnanda bugarma hadysasy ýüze çykýar. Şonda suwuklyk bug görnüşinde howa ýaýraýar we jisimlere ýapyşýar. Aýna çyglylygy özünde siňdirmeýändigi sebäpli, az wagtlyk bugaryp durýar. Gapyny ýa-da penjiräni açyp, howa bilen galtaşmagy netijesinde buglar damja öwrülip, suwuk hala geçýär. Gündelik durmuşda hem suwuň bugarmagy, bulutlaryň emele gelmegi bilen bu hadysa gaýtalanyp durýar.