1-nji martda Moskwanyň auksion öýünde jemi bahasy 1 milliard rubla deň bolan Isaak Lewitanyň, Ilýa Repiniň, Walentin Serowyň, Owannes Aýwazowskiniň, Wiktor Wasnesowyň we XVIII-XX asyrlaryň beýleki rus ussatlarynyň eserleri satuwa çykarylar. Iň gymmat nyrhly eksponat Owannes Aýwazowskiniň «Krymda aýly gije» atly eseridir.
Satyljak eserleriň sanawyna ozal Tretýakow galereýasy derejesindäki sergilere gatnaşan hususy ýygyndylardaky eserler, şeýle hem atlary Russiýanyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly bolan şahslaryň kolleksiýalaryndan gymmatlyklar girizildi. Eserleriň arassa taryhy, seýrek tilsimleri we muzeý derejesindäki ähmiýeti ýygyndynyň umumy bahasynyň 1 milliard rubla ýetmegine sebäp boldy. Bilermenler bu ýygyndynyň iň naýbaşy eseri hökmünde Aýwazowskiniň 1861-nji ýylda çeken kartinasyny görkezýärler. Ölçegi ýarym metrden uly bolan suratyň bahasy 60 million rubl möçberinde kesgitlendi.
Soltangül Kakabaýewa,
Daşoguz şäherindäki 12-nji orta mekdebiň mugallymy.
PDF









