Soňky ýyllarda Ýaponiýada, esasan, oba ýerlerde ilatyň azalmagy netijesinde ýabany jandarlar adamlaryň ýaşaýan ýerine aralaşyp başladylar. Köplenç aýylar ilatly ýerleriň golaýynda görünýärler. Ýurtda iş alyp barýan ätiýaçlandyryş edaralarynyň biri bolsa, syýahatçylyk pudagynda iş alyp barýan kompaniýalar üçin aýylara garşy ätiýaçlandyryş hyzmatyny ýola goýdy. Şeýlelikde, ätiýaçlandyryş edarasy ýabany aýylaryň myhmanhana, golf meýdançasy we wagtlaýyn düşlenýän dynç alyş ýerlerine girmegi netijesinde emele gelen zyýanyň öwezini dolar. Şeýle hem edara aýylar sebäpli ýatyrylan bronlar sebäpli ýitgileri, tokly sim, aýy kowujy spreý ýaly goraýjylar üçin edilen çykdajynyň 10 million ýene (65 müň amerikan dollary) çenlisini tölär.
PDF









