15-nji oktýabrda Azerbaýjanyň Hankendi şäherinde 3-nji milli şäher gurluşyk forumy (NUFA3) açyldy. Bu forum “Klimata çydamly we sagdyn şäherlere tarap: sebitleýin hyzmatdaşlygy we innowasiýa çözgütlerini peýdalanmak” şygary bilen geçirilýär. Bu forum innowasiýa we amatly şäher gurşawyny döretmäge esaslanýan durnukly şäher meýilnamalaşdyryş we ösüş ýörelgelerini öňe sürmek üçin möhüm platforma öwrüldi.
Çäräniň meýilnamasy şäher dolandyryşyna we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmaga aýratyn üns berýän häzirki zaman şäher meseleleriniň giň toplumyny öz içine alýar. Çärä gatnaşýanlar milli, sebitleýin we ýerli hökümetleriň, akademiki institutlaryň, hususy pudaklaryň we raýat jemgyýetleriniň klimata çydamly we sagdyn şäherleri döretmekdäki roluny ara alyp maslahatlaşýarlar.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewiň foruma gatnaşyjylara ýüzlenmesinde belläp geçişi ýaly, häzirki zaman şäher gurluşygy durnukly ösüşiň, sosial durnuklylygyň we şäherleriň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagynyň esasy guralydyr. Onuň sözlerine görä, ýurduň şäherleşme çemeleşmeleri ykdysady durnuklylyga, sosial abadançylyga we amatly şäher gurşawynyň döredilmegine goşant goşýar.
Foruma 60-dan gowrak ýurtdan, takmynan, 400 wekiliýet gatnaşýar. NUFA3 Bütindünýä şäher ösüş forumyna (WUF13) taýýarlyk tapgyry bolup hyzmat edýär we halkara gepleşikleri, öňdebaryjy tejribe alyşmagy we şäherleriň durnukly ösüşi ugrundaky ýerli hereketleri höweslendirýär.
NUFA3 17-nji oktýabrda Bakuda öz işini tamamlar.