UEFA Çempionlar Ligasynyň pleý-off tapgyrynyň 3 jogap duşuşygy geçirildi. Azerbaýjanyň çempiony “Sabah” topary öz meýdançasynda Ysraýylyň “Hapoel Be’er Şewa” toparyny goşmaça wagtda 5-2 hasabynda ýeňmegi başardy.
Geçen möwsümde Azerbaýjanyň çempionatynda ilkinji çempionlygyny baýram eden “Sabah” myhmançylykda 2-1 hasabynda ýeňlipdi. Jogap duşuşygynda myhmanlar 2 gezek öňe saýlansa-da, ýer eýeleri ruhdan düşmän 90-njy minutdan soň gol geçirip, ýaryşda galmagy başardy. Duşuşygyň 10-njy minutynda Zlatanowiç myhmanlary öňe saýlasa, Nwaçukwu 38-nji minutda hasaby deňledi. 61-nji minutda Mizrahiniň goly bilen “Hapoel” 2-nji gezek öňe geçdi. 74-nji minutda Rahmonaliýew ýer eýeleriniň 2-nji goluny geçirse, Mutallimow 90+4-nji 2 oýnuň netijesi boýunça hasaby deňledi. Goşmaça wagtda-da 1 oýunçysy gyzyl alan “Hapoeliň” derwezesinden 4-5-nji gollary Mbina (101) bilen Mikels (115) geçirdi.
Şunlukda, 2017-nji ýylda Azerbaýjanyň Masazyr şäherinde “Sabah” topary taryhynda ilkinji gezek Çempionlar Ligasynyň final tapgyryna gatnaşar. Ol Çempionlar Ligasyna gatnaşan 2-nji azeri kluby bolup, ondan öň “Garabag” 2 gezek wekilçilik edipdi (2017/18, 2025/26).
“Sabah” topary 1-nji saýlama tapgyrynda Uelsiň “Nýu Seýnts”, 2-nji tapgyrda Finlýandiýanyň “KuPS”, 3-nji tapgyrda Daniýanyň AGF (“Orhus”), pleý-off tapgyrynda-da Ysraýylyň “Hapoel Be’er Şewa” toparyndan üstün çykdy. “Sabah” topary şol tapgyrda-da faworit görkezilmändi.
“Sabah” UEFA Çempionlar Ligasynyň final tapgyryna gatnaşýan 160-njy klub hökmünde hasaba alyndy.
PDF








