Awgust aýynyň 16-24-i aralygynda Hindistan Respublikasynyň Mumbaý şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 20 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda Aziýa çempionaty geçirildi. Bu abraýly ýaryş Aziýanyň 10 döwletinden jemi 190 sany ýaş grossmeýstrleri özünde jemläp, örän çekeleşikli geçdi. Ýaryşyň netijesi boýunça Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň 2-nji ýyl talyby Lala Şöhradowa ýurdumyzyň adyndan wekilçilik edip, 1 altyn hem-de 1 kümüş medaly gazandy.
Çeşme: Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
PDF







