Ýer ýüzünde ululy-kiçili 1 milliondan gowrak dagyň bardygy aýdylýar. Elbrus, Alp, And, Ararat, Pamir, Hindiguş, Ural we Karpat daglary dünýäniň iň uly dag ulgamlary bolup, iň ýaşy Gimalaý hasaplanýar. Bilşimiz ýaly, 500 metr belentlikden ýokary depeler dag hasaplanýar. Gazetimiziň şu sanynda Aziýanyň we Ýewropanyň iň beýik depesi baradaky gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirmegi makul bildik.
Ewerest dagy. Aziýanyň we dünýäniň iň beýik depesi bolan Ewerest dagy Nepal bilen Hytaýyň araçäginde Günorta Aziýanyň Uly Gimalaý daglarynda ýerleşýär. 8848 metr beýiklikdäki bu depe 1852-nji ýylda Ýeriň üstündäki iň beýik nokat hökmünde ykrar edilýär. Ewerest ir zamanlarda deňziň düýbünde bolup, ýeriň plitalarynyň hereketi netijesinde ösüp başlapdyr. Eweresti öwrenmek maksady bilen guralan ekspedisiýalar 1920-nji ýyllardan başlanýar. 1953-nji ýylda Täze zelandiýaly alpinist Edmund Hillari bilen nepally Tensing Norgeý Ewereste çykan ilkinji adamlar bolýar. Hünärmenleriň bellemegine görä, Ewerest dagy her ýyl 4 millimetr ösýär.
Elbrus dagy. Ýewropanyň iň beýik nokady Russiýanyň günorta-günbataryndaky Elbrus dagynda ýerleşýär. Wulkanyň atylmagy netijesinde 2,5 million ýyl mundan ozal emele gelen dag gerşiniň beýikligi 5642 metr bolup, buzluk meýdan bilen örtülendir. Elbrusda 22 buzluk bolup, bu ýerde işjeň wulkanlar we kükürt känleri esasy orny eýeleýär. Dünýäniň 7 depesiniň biri hasaplanýan bu beýiklige ilkinji gezek 1874-nji ýylda şweýsariýaly alpinist Piter Knubeliň ýolbaşçylygyndaky iňlis ekspedisiýa topary çykýar. Tomsuň gelmegi bilen Elbrus dagyndaky buzluklar eräp, Kuban derýasynyň bol suwuny emele getirýär.