7-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, welaýatlaryň häkimleri sebitlerde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny hem-de bugdaý tohumlaryny möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalary netijeli peýdalanylýar. Welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynda ýetişdirilen ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak işleri bilen birlikde, bu ekinleriň güýzki ekişine taýýarlyk görülýär.
Şeýle hem häkimler «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 – 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyna» laýyklykda, şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş we önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler.
Hormatly Prezidentimiz hasabatlary diňläp, welaýatlarda dowam edýän möwsümleýin işleriň, hususan-da, gowaça ideg etmek, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda häkimlere anyk görkezmeleri berdi.
Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutanymyz häkimlere şu ýyl welaýatlarda açylyp ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalardaky we desgalardaky gurluşyk işleriniň ýokary hilli we öz wagtynda ýerine ýetirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda dowam edýän oba hojalyk işleriniň çäklerinde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş kärhanalaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak hem-de talabalaýyk saklamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýar etmek üçin zerur çäreler görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Şeýle hem Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär. Gant şugundyrynyň gögeriş alan meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär.
Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatlarda ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we ilata ýetirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen birlikde, bu ekinleriň güýz möwsüminde ekiljek ýerlerini hem-de tohumlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, döwletimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge aýratyn üns berýändigini, döwrebap tehnikalary satyn almaga, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, täze suwaryş ulgamlaryny gurmaga, tohumçylygy we maldarçylygy ösdürmäge uly möçberde maýa serişdeleriniň gönükdirilýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak hem-de gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün etmek boýunça pudagyň öňünde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilişini hemişe gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ýerine ýetirilmegini, bugdaýyň, şeýle hem beýleki oba hojalyk ekinleriniň geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işleriniň öz wagtynda geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.