Dün­ýä­niň azyk önüm­le­ri­niň ba­ha­sy 2022-nji ýy­lyň mart aýyn­da re­kord de­re­jä ýe­ten­den soň, yzy­gi­der­li onun­jy aý­da ar­zan­la­ma­gy­ny do­wam et­dir­ýär. Bu ba­ra­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Azyk we oba ho­ja­ly­gy gu­ra­ma­sy (FAO) ta­ra­pyn­dan ýaý­ra­dy­lan ha­bar­da aý­dyl­ýar.
Esa­sy iý­mit­le­riň hal­ka­ra ba­ha­la­ry­nyň aý­lyk üýt­ge­me­le­ri­ni gör­kez­ýän FAO-nyň azyk ba­ha­sy in­dek­si ýan­war aýyn­da 131,2 punkt bo­lup, de­kabr aýy­na ga­ra­nyň­da, 0,8% pe­sel­di we ge­çen ýy­lyň mart aýyn­da­ky re­kord de­re­je­den 17,9% ar­zan­la­dy.
Hü­när­men­le­riň pi­ki­ri­çe, in­dek­siň pe­sel­me­gi ösüm­lik ýag­la­ry­nyň, süýt önüm­le­ri­niň we şe­ke­riň ba­ha­la­ry­nyň ar­zan­la­ma­gy­na se­bäp bol­dy. Şeý­le­lik bi­len, ýan­war aýyn­da FAO-nyň dä­ne ba­ha­sy­nyň gör­ke­zi­ji­si üýt­ge­me­di di­ýen ýa­ly, gör­ke­zi­ji de­kabr bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 0,1% ýo­kar­lan­dy, şu­nuň bi­len bir­lik­de, ge­çen ýyl bi­len de­ňeş­di­ri­len­de 4,8% ýo­ka­ry bol­ma­gyn­da gal­dy. “Awst­ra­li­ýa­da we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­syn­da önüm­çi­lik ga­ra­şyl­ýan­dan has ýo­ka­ry­dy­gy se­bäp­li bug­da­ýyň hal­ka­ra ba­ha­sy 2,5% aşak­la­dy” diý­lip be­ýa­nat­da bel­le­nil­ýär.
Ge­çen aý ösüm­lik ýa­gy­nyň ba­ha­sy 2,9%, süýt önüm­le­ri­niň ba­ha­sy 1,4%, şe­ke­riň ba­ha­sy 1,1% aşak­la­dy. Ýan­war aýyn­da FAO-da etiň ba­ha­sy­nyň in­dek­si­niň az üýt­gän­di­gi bel­len­di.