Bütindünýä rak keseline garşy göreş güni

123

Her ýy­lyň 4-nji few­ra­lyn­da bel­le­nil­ýän Bü­tin­dün­ýä rak ke­se­li­ne gar­şy gö­reş gü­ni, 2005-nji ýyl­dan bä­ri Hal­ka­ra rak ke­se­li­ne gar­şy bi­le­le­şik (UICC) ta­ra­pyn­dan gu­ral­ýar. Bu se­nä­niň mak­sa­dy, bu glo­bal me­se­lä jem­gy­ýet­çi­li­giň ün­sü­ni çek­mek, hä­zir­ki wagt­da rak ke­se­li­niň nä­hi­li howp­ly we giň ýaý­ran­dy­gy­ny ýat­lat­mak hem-de ölüm how­pu­ny ep-es­li azalt­mak bo­lup dur­ýar.
Rak be­de­niň is­len­dik bö­le­gi­ne tä­sir edip bil­jek 100-den gow­rak ke­se­liň umu­my aň­lat­ma­sy­dyr. Bu ke­se­liň ala­mat­la­ryn­dan bi­ri, ada­ty çäk­le­rin­den çyk­ýan ano­mal öý­jük­le­riň çalt eme­le gel­me­gi­dir. Bu ha­dy­sa me­tas­taz di­ýil­ýär. Me­tas­taz­lar, rak ke­se­lin­den ýit­gi­niň esa­sy se­bä­bi­dir. Hä­zir­ki wagt­da dün­ýä­de rak ke­se­lin­den soň dur­nuk­syz re­mis­si­ýa­da 44 mil­li­on tö­we­re­gi adam bar. Bü­tin­dün­ýä sag­ly­gy go­ra­ýyş gu­ra­ma­sy­nyň ha­ba­ry­na gö­rä, rak ke­se­li­niň tak­my­nan 70%-i şöh­le be­jer­gi­si­ne mä­täç. Hü­när­men­ler bi­ziň döw­rü­miz­de rak ke­se­li­niň se­bäp­le­ri­niň bel­li bo­lan­dy­gy­ny we bu tä­ze ke­sel­le­riň, tak­my­nan, üç­den bi­ri­niň öňü­ni al­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýän­di­gi­ni aýd­ýar­lar. Rak ke­se­li ir ýü­ze çy­ka­ryl­sa, üs­tün­lik­li be­jer­mek müm­kin­dir. Mun­dan baş­ga-da, tem­mä­ki tüs­se­si ýa­ly bel­li kan­se­ro­gen­le­re du­çar bol­maz­lyk bi­len, rak ke­se­li­niň 40%-iniň öňü­ni alyp bo­lar. Ýit­gi­le­riň üç­den bi­ri özü­ni alyp bar­mak we iý­mit­len­mek bi­len bag­la­ny­şyk­ly bäş esa­sy tö­wek­gel­çi­lik fak­to­ry – be­de­niň köp­çü­lik­le­ýin gör­ke­zi­ji­si, mi­we we gök önüm­le­ri ýe­ter­lik de­re­je­de ka­bul et­mez­lik, fi­zi­ki iş­jeň­li­giň bol­maz­ly­gy, tem­mä­ki we spirt­li iç­gi­ler bi­len bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Rak ke­se­li­ne gar­şy gö­reş usul­la­ry her ýyl go­wu­lan­ýar. Bel­ki, bel­li bir wagt­dan soň bu ke­se­liň äh­li gör­nüş­le­ri­ne gar­şy san­jym­lar peý­da bo­lar. Em­ma luk­man­lar öňü­ni al­mak­dan ýüz öwür­mez­li­gi, er­bet en­dik­le­ri ulan­maz­ly­gy we sag­dyn iş­jeň dur­muş ýö­rel­ge­si­ni mas­la­hat ber­ýär­ler.
2008-nji ýyl­dan bä­ri her ýyl bu se­ne bel­li bir mow­zuk bi­len bel­len­ýär. My­sal üçin, 2008-nji we 2009-njy ýyl­lar üçin mow­zuk­lar de­giş­li­lik­de “Ça­ga­lar we ýaş­lar üçin tem­mä­ki­siz gur­şaw dö­ret­mek” we “Dog­ry iý­mit­len­mek we be­den­ter­bi­ýe esa­syn­da ener­gi­ýa bi­len de­ňag­ram­ly dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ös­dür­mek”.
2010-njy ýyl­da “Rak dö­red­ýän wi­rus­la­ra gar­şy san­jym­lar (my­sal üçin HBV san­jy­my) ba­ra­da bi­lim al­mak”, 2011-nji ýyl­da “Ça­ga­la­ra we ýet­gin­jek­le­re gü­nüň ult­ra­me­lew­şe şöh­le­le­ri­ne du­çar bol­maz­ly­gy öw­ret­mek” we 2013-nji ýyl­da “Rak. Siz bil­ýär­di­ňiz­mi?” ýa­ly te­ma­lar­da dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­di.
2016-2018-nji ýyl­lar­da “Biz ba­şa­ra­rys. Men ba­şa­ra­ryn” şy­ga­ry bi­len Bü­tin­dün­ýä rak ke­se­li­ne gar­şy gö­reş gü­ni ge­çi­ril­di. 2019-njy ýyl­da “Men bar we men bo­la­ryn” ady bi­len üç ýyl­lyk kam­pa­ni­ýa baş­lan­dy. Bu gün­de, rak ke­se­li­ni ýeň­let­mek üçin köp­çü­lik­le­ýin ýa-da aý­ry-aý­ry çä­re­le­ri gör­mek tek­lip edil­ýär.
2022-2024-nji ýyl­lar ara­ly­gyn­da Bü­tin­dün­ýä rak ke­se­li­ne gar­şy gö­reş gü­ni “Hem­me­ler ide­ge my­na­syp” mow­zu­gy bi­len ge­çi­ril­ýär.

Aý­gül HAL­LY­ÝE­WA,
Türk­men oba ho­ja­lyk ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by