Kino sungatynyň abraýly sylaglaryndan BAFTA baýraklarynyň ýeňijileri mälim edildi. 79-njy gezek geçirilen Britaniýa film we telewizion sungaty akademiýasynyň (BAFTA) baýraklarynda iň gowy film diýlip “Uruş üstüne uruş” (One Battle After Another) kinosy saýlandy. 14 ugurdan dalaşgär görkezilen ekran eseri 6 baýrak gazandy. Iň gowy film baýragy bilen bir hatarda kinony surata düşüren Pol Tomas Anderson iň gowy režissýor baýragyna laýyk görüldi. Filmiň artistlerinden Şon Penn ikinji plandaky iň gowy aktýor baýragyna mynasyp boldy. Filmiň režissýory Pol Tomas Anderson iň gowy adaptirlenen ssenariý baýragyny hem gazanmagy başardy. Şeýle-de film iň gowy operator we iň gowy montaž baýraklaryny-da eýeledi.

Iň gowy aktýor baýragy ne Timoti Şalame, Leonardo DiKaprio ýaly artistlere däl-de, garaşylmadyk ýagdaýda “Men käýinýärin” (I Swear) filminiň ýaş artisti Robert Aramaýo berildi. Ol ösüp barýan ýaş ýyldyz baýragynyň hem eýesi boldy. Film iň gowy kasting baýragyna-da mynasyp görüldi.

Iň gowy aktrisa ugry boýunça “Hamnet” filmindäki keşbi üçin Jessi Bakli BAFTA-nyň ýeňijisi diýlip yglan edildi. Ikinji plandaky iň gowy aktrisa diýlip, “Günäkärler” (Sinners) filminde janlandyran keşbi üçin Wunmi Mosaku saýlandy. “Günäkärler” filmi iň gowy asyl ssenariý baýragy (Raýan Kugler) bilen bir hatarda, iň gowy saz baýragyna (Ludwig Goransson) hem laýyk görüldi.

Dabarada 3 baýrak gazanan başga bir kino hem “Frankenşteýn” bolup, meksikaly režissýor Gillermo Del Toronyň ekranlaşdyran filmi iň gowy grim, iň gowy makiýaž we saz bezegi, hem-de iň gowy çeperçilik bezegi ugurlary boýunça BAFTA heýkeljiklerini eýeledi.

Iň gowy animasiýa ugry boýunça “Haýwanlar şäheri 2” multfilmiň BAFTA-nyň 79-njy baýrak gowşurylyş dabarasynyň ýeňijisi boldy.

Iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film diýlip, norwegiýaly režissýor Ýoahim Trieriň “Duýguçyllygyň gymmaty” (Affeksjonsverdi) kinosy saýlandy.

“F1” (F1) filmi iň gowy ses, “Awatar” alaw we kül” (Avatar: Fire and Ash) kinosy-da iň gowy wizual effektler ugurlary boýunça ýeňiji boldular.