Nikalaşmak iki adamyň durmuşyny birleşdirýän iň möhüm kararlaryň biridir. Nikalaşmak bilen iki ýaş juwanyň arasynda maşgala emele gelip, uzak ýyllaryň dowamynda bagtly maşgala bolmak üçin uly tagalla edilýär. Bilermenler ýanýoldaşyň bilen düşünişip, bagtly durmuşda ýaşamagyň syrlaryny şeýle beýan edýärler.
Diňlemegi başarmak. Diňlemegi başarmak sungat bolup, ýanýoldaşyň aýdanlaryna dogry düşünmegi we mylaýym jogap bermegi başarmaly. Düşünişmezlikleriň köpüsi derdiňi aýdyp bilmezlik, diňlemegi başarmazlyk we ýalňyş düşünmek bilen bagly ýüze çykýar. Şol sebäpli, ýanýoldaşyň diýýän sözlerini diňe bir eşitmeli däl, eýsem, duýgularyň bilen kabul etmeli.
Dogruçyllyk we duýgularyňy paýlaşmak. Özüňi dogruçyl alyp barmak we duýgularyňy saýlap alan ýaryň bilen paýlaşmak maşgala gatnaşygynyň esasyny düzýän ynamy güýçlendirmäge ýardam edýär. Ynam özara gatnaşyklaryň esasy sütüni bolup, bagtyýar geljegi üpjün edýär. Özüňi bagtyýar, aladaly ýa-da gaharly duýýandygyňa garamazdan, duýgularyňy maşgalaň bilen paýlaşmaly. Bu adamyň özüni rahat alyp barmagyna, birek-birege has-da ýakynlaşmaga we maşgala gatnaşyklaryny berkitmäge kömek edýär.
Özara tankyda dogry düşünmek. Maşgalada düşünişmezlikleriň bolmagy tebigy zat. Bu ýagdaý, esasan hem, kemçilikleriňi bilmezlik esasynda ýüze çykýar. Şol sebäpli maşgalada ýüze çykýan kemçilikleri bir-biriňi kemsitmezden, ýumşak äheňde aýtmaly. Esasy zat hem sebäpkär gözlemeli däl-de, meseläniň ýüze çykmagyna sebäp bolan ýagdaýy anyklamaly. Ýalňyşy gaýtalamazlyga synanyşmaly. «Men» ýa-da «Sen» diýen jümläniň ýerine «Biz» diýen jümläni ulanmaly.
Hal-ahwal soraşmak. Günüň dowamynda iş-alada bilen bolup, bir öýde ýaşalýan hem bolsa, kähalatda hal-ahwal soraşmagy we gürrüňleşip oturmagy ýatdan çykarýarys. Bu ýagdaý maşgalada sowuk-salalyga getirip biler. Şol sebäpli maşgalaňdan wagtal-wagtal hal-ýagdaýyny soramagy, öýde dynç alýan wagtyň söhbet edip oturmagy ýatdan çykarmaly däl. Hal-ahwal soraşmak alada edilýändiginiň alamaty bolup, maşgala gatnaşygyny has-da berkidýär.
Hormat goýmak we minnetdarlyk bildirmek. Ýanýoldaşyňa edýän aladalary üçin minnetdarlygyňy yzygiderli beýan etmeli. Agşam naharyndan soňra, ýanýoldaşyňa naharyň süýji bolandygyny aýtmak ýa-da öýe getirilen haýsydyr bir zat üçin ýoldaşyňa hoşallyk bildirmek onuň üçin ýakymly bolsa gerek. Minnetdarlyk oňyn duýgulary döredip, agzybirligi saklamaga we biri-biriňe bolan hormaty artdyrmaga ýardam edýär.