Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde merdana ata-babalarymyzyň şöhrata beslän mukaddes taryhy topragynda gurulýan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň – Arkadag şäheriň binagärlik keşbinde Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşi, ýaşaýyş-durmuş üpjünçiliginiň guralyşynda milli mirasymyz, ruhy gymmatlyklarymyz, halkymyzyň köpasyrlyk baý taryhy we medeni däpleri öz beýanyny tapýar.
Köpetdagy etekläp oturan ajaýyp mekanda döwrebap Arkadag şäheriniň döreýşine gözli şaýat bolduk. Ine, ýakyn wagtdan bu «akylly» şäheriň birinji tapgyry ulanmaga berler.
Häzirki wagtda Ahal welaýatynyň Arkadag şäherindäki binalaryň we desgalaryň açylyş dabarasyna ýokary derejede taýýarlyk görülýär.
Sebitiň täze merkeziniň ikinji tapgyrynda meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň gurluşygy hem ýakyn wagtda badalga alar.
7-nji martda hormatly Prezidentimiz Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny 2023 – 2026-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Ahal welaýatynyň Arkadag şäherine iş saparyny ýygy-ýygydan amala aşyrýar. Şol saparlaryň birinde türkmen halkynyň Milli Lideri awtomenziliň şekil taslamasy bilen tanyşdy. Bu toplumyň taslamasyny Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary taýýarladylar. Hormatly Arkadagymyz biziň ýokary okuw mekdebimiziň taslamasyna käbir belliklerini aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işlere, degişli taslamalaryň taýýarlanylmagyna ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, şol sanda Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplarynyň gatnaşmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Arkadag şäherinde şeýle beýik taslamalara gatnaşmagymyz biz talyp ýaşlary diýseň buýsandyrýar we geljege uly ynam döredýär.
Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik işleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, belent başynyň aman bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň hemişe rowaç almagyny tüýs ýüregimizden arzuw edýäris!
Arslan BAÝRAMMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.