Her paslyň özüne mahsus aýratynlyklary we gyzykly güýmenjeleri bar. Bahar paslynda hem tebigatyň alaýaz günlerinde dünýäniň dürli künjeginde birnäçe festiwallar geçirilýär. Tebigatyň janlanmagy, bahar paslyny garşy almak hem-de oba hojalyk işlerine badalga bermek maksady bilen geçirilýän ýazky festiwallar adamlaryň arasynda şatlyk-şowhuny we uly ruhubelentligi döredýär. Gazetimiziň şu sanynda ýaz paslynda dünýä ýurtlarynda geçirilýän festiwallar bilen bagly gyzykly maglumatlary siziň dykgatyňyza ýetirýäris.
Nowruz, Gündogar ýurtlary. Ýaz paslynyň gelmegi bilen Gündogar ýurtlarynda dünýäniň iň gadymy baýramlarynyň biri bolan Nowruz baýramçylygy bellenilýär. Adatça 21-22-nji martda geçirilýän Nowruz «täze gün» diýmegi aňladýar. Irki döwürlerden bäri bellenilýän Nowruz baýramy ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilip, 2010-njy ýylyň fewral aýynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň, Eýranyň, Täjigistanyň hyzmatdaşlygy we teklip etmegi netijesinde 21-nji mart – «Halkara Nowruz güni» diýlip yglan edilýär. Nowruzda baýramçylyk tagamy bolan semeni taýýarlanýar. Mundan başga-da, hiňňildikler gurnalýar, milli oýunlar oýnalýar.
Falýas, Ispaniýa. Baharyň gelmegi bilen Walensiýa şäherinde ýüzlerçe ýyl bäri dowam edip gelýän ispanlaryň söýgüli däbi bolan Falýas festiwaly geçirilýär. Festiwalyň dowamynda baýramçylyk ýörişleri, feýerwerk görkezişleri, öküz ýaryşlary hem-de konsertler geçirilýär. Şu ýyl 1-19-njy mart aralygynda ýaýbaňlandyrylan Falýasyň iň gyzykly çäreleriniň biri hem kagyzdan ýasalan multfilm gahrymanlarynyň ullakan heýkelleriniň ýakylmagydyr. Festiwalyň çäginde şähere gelen myhmanlara baýramçylyk tagamlary hödür edilýär.
Marzanna, Polşa. Marzanna Polşada we beýleki slawýan ýurtlarynda giňden bellenilýän bahar baýramydyr. Adatça 20-21-nji martda geçirilýän festiwalyň iň gyzykly çäreleriniň biri samandan ýasalyp, ak eginbaş geýdirilen Marzannanyň ýakylmagydyr. Marzannanyň ýakylmagy gyşyň gutarandygyny we baharyň başlanandygyny aňladýar. Festiwalyň dowamynda maýpolyň (aýlawly lentaly sallançak) töwereginde aýdym aýtmak we tans etmek çäreleri, polýak naharlarynyň sergisi geçirilýär.
Çimburijada, Bosniýa. «Heýgenek baýramy» hem diýilýän bu festiwal Bosniýanyň Zenisa şäherinde 21-nji martda geçirilýär. Şäheriň ýaşaýjylary derýanyň kenaryna üýşüp, ýumurtgadan baýramçylyk naharyny taýýarlaýarlar. Bosniýalylaryň ýumurtgany täze durmuşyň başlangyjy we täze möwsümiň alamaty hökmünde görýändigi üçin festiwalda diňe ýumurtgadan tagam taýýarlanýar.
Hanami, Ýaponiýa. Günüň dogýan ýurdunda bahar paslynyň buşlukçysy hasaplanýan Hanami festiwaly şu ýyl 16-24-nji mart aralygynda geçirilýär. Alça agajynyň güllemegi bilen bagly köp asyrlyk däp bolan bu baýramçylyk mynasybetli medeni çäreler guralýar, dürli tagamlar taýýarlanýar. Ýaponlar bu festiwaly köplenç alça agajynyň aşagynda, açyk meýdandaky şüweleňde geçirýärler. Hanami festiwaly mynasybetli şäheriň ýollarynda baýramçylyk ýörişi we aýdym-sazly çykyşlar hem geçirilýär. Bu festiwal diňe bir Ýaponiýada meşhur bolman, eýsem, Koreýadyr Hytaýda hem erik we şetdaly agaçlarynyň güllemegi bilen Hanami baýramçylygy geçirilýär. Mundan başga-da, Kanadada, ABŞ-da, Awstraliýada we Ýewropanyň köp ýurdunda alça baýramçylygy bellenilýär.
Songkran, Tailand. Her ýylyň aprel aýynda tailandlylar adaty Taý Täze ýyly bolan Songkran festiwalyny belleýärler. «Suw festiwaly» diýlip hem atlandyrylýan bu festiwalda adamlar dostlary, maşgala agzalary bilen daşaryk çykyp suw sepişýärler. Tailandyň Çiangmaý şäherinde 3 gün dowam edýän bu festiwal «täzeleniş, ýaşamak döwri» diýen manyny berýär. Şu ýyl 13-15-nji aprel aralygynda geçiriljek Songkranyň ilkinji güni täze ýylyň gowy gelmegi üçin dileg edilýär, ikinji, üçünji günlerde bolsa suw sepmek şüweleňi geçirilýär. Bu festiwala bezelen piller hem gatnaşdyrylýar.
«Sechseläuten», Şweýsariýa. Sýurih şäherinde ençeme asyrdan bäri dowam edip gelýän milli däpleriň biri bolan bu festiwalda gyş eşigini geýen «Böögg» atly garantgy ýakylýar. «Böögg» şäheriň merkezindäki meýdançada oturdylýar hem-de atlylar tarapyndan ýakylýar. Bu garantgynyň ýakylmagy gyşyň gutarandygyny we baharyň başlanandygyny aňladýar. Aprel aýynda geçirilýän aýdym-sazly, tansly dabaralara gatnaşmak üçin Şweýsariýanyň dürli künjeginden on müňlerçe adam Sýurih şäherine gelýär.
Çigildem festiwaly, Kanada. Kanadalylar ýaz paslynda ýurduň milli güli hasaplanýan çigildem baýramçylygyny belleýärler. Şu ýyl maý aýynyň 12-sinden 22-si aralygynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Çigildem festiwaly 1952-nji ýyldan bäri Kanadanyň paýtagty Ottawada geçirilip gelinýär. Baýramçylyk güni müňlerçe düýp çigildem gülleri şäheriň içine ýaýradylýar. Niderland-kanada gatnaşyklaryndan gözbaş alýan bu festiwal çigildem gülüne degişli birnäçe çäräni: gül sergisini we diwarlyklary, aýdym-sazly konsertleri hem-de baýramçylyk tagamlaryny öz içine alýar. Çigildem festiwaly güller baradaky gyzykly maglumatlary öwrenmäge mümkinçilik berýär.
Peýnir tigirlemek festiwaly, Angliýa. Her ýylyň bahar günlerinde Angliýanyň Glosterşir şäherinde «Kuperiň depesi – peýnir tigirlemek» ady bilen tanalýan meşhur peýnir tegelemek festiwaly geçirilýär. Ullakan peýnir Kuper depesinden tigirlendirilip goýberilýär. Festiwala gatnaşýanlar tegelenip barýan peýniriň yzyndan ylgaýarlar. Aşaklygyna ylgap kim peýnirden öň pellehanadan birinji geçse, şol hem festiwalyň ýeňijisi bolýar. 1800-nji ýyllardan bäri geçirilip gelinýän bu festiwal iňlis medeniýetinde bahar paslyny garşylamak hem-de ekin ekiliş bilen bagly däp-dessur hasaplanýar.