Kanadanyň ilaty rekord derejede artdy

165

Ka­na­da­da da­şa­ry ýurt­lar­dan gö­çüp gel­ýän­le­riň hem tä­si­ri bi­len ge­çen ýyl ilat re­kord de­re­je­de ar­typ­dyr. Bir ýy­lyň do­wa­myn­da ýur­duň ila­ty 1 mil­li­on­dan gow­rak kö­pe­lip, 39,57 mil­lio­na ýet­di. Ka­na­da­nyň mil­li stra­te­gi­ýa eda­ra­sy “StatCan”-yň ýaý­ra­dan mag­lu­mat­la­ry­na gö­rä, ila­tyň ar­tan bö­le­gi­niň 96 gö­te­ri­mi­ni da­şa­ry ýurt­lar­dan gö­çüp ge­len­ler eme­le ge­tir­ýär. Mag­lu­mat­la­ra gö­rä, ila­tyň ar­tyş tiz­li­gi 2,7 gö­te­rim bo­lup, G7 ýurt­la­ry­nyň ara­syn­da iň ýo­ka­ry gör­ke­zi­ji bo­lup­dyr.
Ýur­duň ila­ty mun­dan ozal 1957-nji ýyl­da 3,3 gö­te­rim ar­typ­dyr. Şeý­le­lik­de, şol ýyl­dan soň­ky re­kord de­re­je­de ilat ar­ty­şy ha­sa­ba al­nyp­dyr. Mag­lu­mat­da ýur­duň ila­ty­nyň art­ma­gy­nyň hö­kü­met baş­ly­gy Jas­tin Trud­ýo­nyň ýurt­da­ky iş­çi ýet­mez­çi­li­gi se­bäp­li gö­çüp gel­ýän­ler üçin ýe­ňil­lik dö­re­dil­me­gi bi­len bag­ly bo­lup bil­jek­di­gi bel­le­nil­di.

Aýbölek Durdybaýewa,  Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ talyby.