Belli fransuz suratkeşi Klod Moneniň (1840-1926ý.) öz bagyna we güllerine bolan söýgüsini suratlandyrýan kartinasy lego bölejiklerinden gaýtadan döredildi. Hytaýly suratkeş Aý Weýweý bu şekili emele getirmek üçin 650 müň lego bölegini ulanypdyr. Moneniň naýbaşy eseri hasaplanýan bu suraty 1914-1926-njy ýyllar aralygynda döredilipdir. Angliýanyň Kembrij şäherinde ýaşaýan Weýweý 22 dürli reňkli lego böleginden uzynlygy 15 metre barabar bolan şekili emele getiripdir. Hytaýly sungat ussady mundan ozal hem legodan surat döredipdi.
Aýsolmaz AKMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.
PDF









