Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda oktýabr aýynyň 8–10-y aralygynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO) bilelikde guramagynda durnukly balykçylyk arkaly alternatiw girdeji çeşmelerini döretmek boýunça üç günlük okuw-seminary geçirildi. Bu seminar Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak Ministrligi bilen bilelikde durmuşa geçirilýän “Aral deňziniň basseýninde ýer baýlyklaryny we ýokary tebigy gymmatly ekosistemalary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” taslamasynyň çäginde guraldy.

UNDP-niň hem-de FAO-nyň hünärmenleri bilen bir hatarda, bu okuw-seminaryna Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Oba hojalygy ministrliginiň (Dänew we Darganata etraplarynyň weterinariýa gullugynyň wekilleri), Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Ykdysadyýeti töwekgelçiliklerden goramak Agentliginiň Döwlet balyk goraýyş we suwuň bioserişdelerine gözegçilik müdirligi, Türkmenistanyň Suw Hojalygy Baradaky Döwlet Komitetiniň, Lebap welaýatynyň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň degişli wekilleri gatnaşdylar. 30-dan gowrak hünärmeniň gatnaşan seminary Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Bileleşiginiň Lebap welaýatyndaky bölüminde we Türkmenabatdaky Lebap welaýatynyň weterinariýa barlaghanasynda gibrid görnüşde geçirildi.

Okuw-seminarynyň dowamynda FAO-nyň “Akwa-iýmleriň önümçilik-ýerleşiş zynjyryny we suw haýwanlarynyň saglygyny goramagy dolandyrmagyň netijeliligini ösdürmek” taslamasynyň çäginde suw hojalygy ulgamyny (RAS) gaýtadan işlemek, balyklaryň saglygynyň gözegçiligi, suw hojalygy ulgamyny durnukly ýagdaýda saklamak ýaly ugurlar dogrusynda tejribe alşyldy. Geçirilen sessiýalarda ulgamyň milli kanunçylyk binýady, şol sanda daşky gurşawa ýetirýän täsiri, balykçylyk fermalarynda gender ýagdaý barasynda-da giňişleýin bellenilip geçildi.

Laboratoriýalarda balyklardaky bakterial, kömelek we parazit kesellerini anyklaýyş usullary okuw-seminaryna gatnaşanlaryň dykgatyna ýetirildi. Şeýle-de howuzlary dolandyrmagyň usullary iş ýüzünde amala aşyryldy.

Bu okuw-seminary, Türkmenistanda biodürlüligi we suw ekosistemalaryny gorap saklamaga goşant goşmak bilen bir hatarda, durmuşy-ykdysady ýagdaýy ösdürmek üçin amaly bilimlerden peýdalanyp, ýerli jemgyýete goltgy bermekde möhüm ädimdir.