Taýlandyň häkimiýeti ýurduň paýtagtynyň resmi adyny üýtgetmek kararyna geldi. Mundan beýläk Bangkok “Krung Thep Maha Nakhon” diýlip atlandyrylar. Terjime edilende bu “Perişdeleriň beýik paýtagty” diýmegi aňladýar. Bangkogyň köne ady resmi däl bolar.

Degişli beýannama Taýlandyň Korollyk akademiki geňeşi tarapyndan mälim edildi. Bu gurama, sözleriň orfografiýasy we toponimleri goşmak bilen standartlary üçin jogapkärdir. Paýtagtyň adyny üýtgetmek karary ýurduň Ministrler Kabineti tarapyndan tassyklandy.

Häzirki wagtda täze reýestr ýörite hukuk toparyna iberildi. Syn tamamlanandan soň güýje girer.