7-nji ýanwarda Bangladeşiň Premýer-ministri we dolandyryjy “Awami Lig” partiýasynyň başlygy Şeýh Hasina ýurtda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy, Bu barada ýurduň milli saýlaw topary mälim etdi.
Şeýh Hasina “Gopalganj-3” saýlaw okrugyndan gaýtadan parlamente saýlandy. 76 ýaşly Hasina 249 müň 965 ses, iň ýakyn bäsdeşi Atikur Rahman bolsa, 6 müň 999 ses aldy. Beýleki dalaşgär Mahabur Molla 425 sese eýe boldy. Şeýle hem ses berişligiň netijelerine görä, dolandyryjy partiýanyň dalaşgärleri ýurtdaky saýlaw uçastoklarynyň köpüsinde öňdeligi eýeledi.
Baş saýlaw komissary Kazi Habibul Awalyň pikiriçe, deslapky çaklamalara görä saýlawçylaryň gatnaşygy 40% töweregi bolup, soňky sanawdan soň üýtgäp biler.
Şeýh Hasina 2009-njy ýyldan bäri Bangladeşiň Premýer-ministri wezipesini eýeleýär. Ondan öň 1996-njy ýyldan 2001-nji ýyla çenli Premýer-ministr bolup işländen soň, onuň ýerine “Bangladeşiň milli partiýasynyň” başlygy Haleda Zea geldi.