Ispaniýanyň çempionaty “La Ligada” möwsümiň tamamlanmagyna 2 tapgyr galanda çempion belli boldy. “Barselona” şäher derbisinde myhmançylykda “Espanýoly” 2-0 hasabynda ýeňen “Barselona” kluby 2-nji ýerdäki “Real Madrid” bilen 7 utuk aratapawudyny saklamagy başardy. Duşuşykda “Barselona” hem ýeňiş, hem-de çempionlyk getiren gollary 53-nji minutda Lamin Ýamal bilen 90+5-nji minutda Fermin Lopes geçirdi. Şunlukda, “Barselona” topary 1 ýyllyk arakesmeden soň 28-nji “La Liga” çempionlygyny baýram etdi. Katalonlar 2 ýyl ozal, 14-nji maýda (bu gezekki 15-nji maýda) ýene-de myhmançylykda “Espanýoldan” 2 gol aratapawudy bilen 4-2 hasabynda üstün çykyp, 27-nji çempionlygyny gazanypdy.
“Barselona” topary taryhynda 9-njy gezek bir möwsümde hem “La Liganyň” çempionlygyny hem-de Ispaniýanyň Şa Kubogyny gazandy. “Barselona” şu asyra geçip, 12-nji çempionlygyny gazandy. Ýewropanyň TOP 5 çempionatynda ondan öňde 18 çempionlyk bilen “Bawariýa” bar.
Toparyň tälimçisi Hansi Flik katalonlaryň düzüminde ilkinji möwsüminde 3 kubok gazandy. Onuň “Bawariýadaky” tälimçiliginde 7 kubogy bar.
Ispaniýada iň köp çempion bolan topar “Real Madridiň” 36 ýeňşi bar. 3-nji ýerdäki “Atletiko” 11, 4-nji orundaky “Atletik Bilbao” 8 gezek çempion boldy.
Ispaniýada soňky 21 ýylda “Barselona”, “Real Madrid” hem-de “Atletiko Madrid” toparlaryndan haýsy hem bolsa biri çempionlyk gazandy. 2019-njy ýyldan bäri çempionlygyny gorap bilýän topar ýok. Soňky 4 möwsümde “Real” bilen “Barselona” toparlary ýylaşa çempionlyk gazanyp, bu ugurda gezekleşip gelýär.