Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynda ýarym finalçylaryň ählisi hem belli boldy. Myhmançylykda “Walensiýa” bilen duşuşan “Barselona” garşydaşynyň derwezesinden jogapsyz 5 gol girizdi. Gollaryň 3-sini ilkinji ýarym sagatda karýerasyna “Walensiýada” başlan Ferran Torres geçirdi. Ol 3-nji, 17-nji hem-de 30-njy minutlarda tapawutlandy. Beýleki gollary Fermin Lopes (23) bilen Lamin Ýamal (59) öz atlaryna ýazdyrdy. “Barselona” topary “Walensiýany” bu duşuşykdan 11 gün öňem çempionatda 7-1 hasabynda ýeňipdi.
Umumylykda “Barselona” şu möwsümde 35-nji duşuşygynda 16-njy gezek uly hasaply ýeňiş gazandy. “Barselona” topary
Çärýek finalyň beýleki bir duşuşygynda “Real Sosiedad” öz meýdançasynda “Osasunadan” Barrenetçeanyň (21) hem-de Mendesiň (31) gollary bilen 2-0 üstün çykdy.
Netijede, “Atletikodyr” “Real Madridden” soň, “Barselona” bilen Real “Sosiedad” klublary ýarym finala çykdy. Ýarym finalyň bijeleri 12-nji fewralda çekiler. 2 oýun esasynda geçiriljek ýarym finalyň duşuşyklary bolsa 25-27-nji fewralda hem-de 1-3-nji aprelde oýnalar.