UEFA Çempionlar Ligasynda 2-nji ýarym finalyň 1-nji duşuşygynda “Barselona” bilen “Inter” duşuşdy. Soňky ýyllaryň iň çekeleşikli we ýatdan çykmajak duşuşyklaryň biri bolan oýun deňlikde tamamlandy.

Duşuşygyň eýýäm 30-njy sekuntynda Denzel Dumfrisiň asist etmeginde Markus Turam pökgini topugy bilen derwezä girizip, hasaby açdy. Garşylyklaýyn hüjümler bilen oýnan “Inter” 21-nji minutda hasaby 2-ä çykardy. Bu gezek burçdan ýerine ýetirilen urguda 1-nji goluň 50 göteriminiň eýesi Dumfrisiň özi akrobatik urgy bilen topy derwezä girizdi. Ýöne ruhdan düşmedik “Barselona” topary öz oýnuny görkezmegi başardy. Duşuşygyň 24-nji minutynda ýaş ýyldyz oýunçy Lamin Ýamal jerime meýdançanyň içine girip, topy aýlawy derwezä tarap urdy. Top sütüne degip, tora girdi we aratapawut 1 gola düşdi. Şondan soňam Ýamal özüniň erjel oýnuny görkezdi. Onuň gapdaldan, ýakyn aralykdan uran urgusy sütünden gaýtdy. Duşuşygyň 38-nji minutynda Pedriniň beren pasynda topy Rafinýa topardaşy Ferran Torrese geçirdi. Ol hem ony derwezä gönükdirip, hasaby deňledi.

Duşuşygyň 2-nji ýarymynda-da oýnuň depgini birjigem gowşamady. 64-nji minutda ýene-de burçdan ýerine ýetirilen urguda sag gyraky goragçy Dumfris tapawutlandy. Ol bu gezek kelle urgusy bilen topy derwezä girizip, duşuşykda 2-nji goluny geçirdi. Bu goldan bary-ýogy 1 minut soň Rafinýanyň uzakdan uran batly urgusynda top ýokarky sütünden yzyna gaýdyp, soň derwezeçi Ýan Sommere degdi we tora girdi. Netijede, Sommeriň awtogoly bilen hasap deňlendi. Duşuşyk 3-3 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Jogap duşuşygy 6-njy maýda Milanda oýnalar.

Şeýlelikde, bu duşuşyk birnäçe statistikadyr rekordlaryň täzelenen oýny boldy. Bu duşuşyk soňky 26 ýyldaky iň köp golly deňlikde tamamlanan ýarym final duşuşygy hökmünde hasaba alyndy. 1999-njy ýylda “Dinamo Kiýew” – “Bawariýa” duşuşygy 3-3 hasabynda deňlikde tamamlandy.

Duşuşygyň 30-njy sekundynda hasaby açan Markus Turam UÇL-de ýarym finalyň iň çalt goluny geçirdi.

“Barselonanyň” 1-nji goluny geçiren Lamin Ýamal UÇL-de ýarym finalda tapawutlanan iň ýaş futbolçy rekordynyň eýesi boldy. Bu ugurda ozalky rekord Kilian Mbappe degişlidi.

“Barselonanyň” 2-nji golunda asist eden Rafinýanyň şu möwsümde UÇL-däki asistleriniň sany 8-e ýetdi. Onuň 12 goly hem bolup, ol 20 gola gönümel goşant goşdy. Ol bu ugurda Kristiano Ronaldonyň rekordyny gaýtalady (2013/14).

“Interiň” 3 goluna-da gönümel goşant goşan, has takygy, 2 gol salyp, 1 asist eden Dumfris UÇL-de ýarym finalda Wesli Sneýderden soň hem gol geçirip, hem asist eden ilkinji niderland futbolçysy boldy.

“Interiň” tälimçisi Simone Inzagi UÇL-däki 50-nji duşuşygyny geçirip, ol bu görkezijä ýeten 7-nji italiýaly tälimçi diýlip bellige alyndy.